|

Bu ömürde…

Bu ömürde… ***

Bu ömürde ep-eslije zat gördük,
Ýakyndanam mähribanrak ýat gördük,
Özi garyp,
ýöne göwni şat gördük –
Gara ak bolupdyr diýip eşdemok.

Kän ondan, kä mundan öwüsýär şemal,
Azgyna ahyry tapylýar zowal,
Öwüt-ündew bilen –
asly bikemal
Kemal tapanmyşyn diýip eşdemok.

Synlap bu dünýäni, töwerek-daşy,
Eşitsem-de her hiliräk „myş-myşy“,
Gara gazan ýaly şar gara kişi
Duw ak bolaýypdyr diýip eşdemok.

Söýýäniň ýalandyr özge ynsany –
Onuň üçin ýakyp bilmeseň jany,
Gördüm akmakdyryn diýýän danany,
Akmaklaryň beý diýenin eşdemok.

Şeýleräk bu dünýe, şeýleräk durmuş!
Haýrandyryn: akly dolumy ýa boş –
Hemmeleriň öz-özünden göwni hoş,
Şükür, kemim bar diýeni eşdemok.

Berdinazar Hudaýnazarow. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle