|

Bagtyñ sebäpkäri

Bagtyñ sebäpkäri

BAGTYÑ SEBÄPKÄRI

Ençeme ýyl geçen eken,
Başymyzyñ çatylanna.
Şo ýyllarda duşmadym men,
Seniñ gaşyñ çytylanna.

Bu bagtym.
Ýöne, bu bagtyñ,
Sebäpkäri senmi ýa men?
Bu soraga ikimizem,
Jogap berýäs: "Ýagny men".

Sen dogryñy sözleýänsiñ.
Hötjetligim bolmasa meñ,
Aslynda-ha bolmalydy,
Ol soragyñ jogaby "Sen".

Bolup ýörkäk bir jan, bir ten,
Parhy näme "Meñ" bilen "Señ".

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle