Azerbaýjan hakynda aýdym
Azerbaýjan hakynda aýdym

(Dostum Naryman Gasanzada)
Nur sepeläp, açdy ýarym ukudan,
Hazar asmanyna üýşen bulutlar.
Garşylady bu säher dek owadan
Goltuklary reýhan gülli ýigitler.
Bogazyndan içen suwy görünýän
Gyzlaryñ elinde melewşe şerbet.
Sürmeli gaşlaryñ oýnaklaşyna
Göz dikseñ ýagşy däl, dikmeseñ-erbet.
Ine, juwanlygy gadym ülkäniñ,
Bir ýanyñda şerbet, bir ýanyñda gül.
Saýrap dur depämde reproduktorda,
Bu topragyñ beýik bagşysy bilbil.
Hormatyña hormat bilen baş egip,
Gülüñ ysgap, şerbetiñden içdim men,
Daglaryñdan aşyp, suwuñdan ýüzüp,
Ol gujakdan bu gujaga düşdüm men.
Nahçewan ýolunda ýylçyr daglara
Gül tylla teññeler sepen çagynda.
Töweregi bir dem synlamak üçin
Balyklar böküşdi Araz çaýynda.
Saña «otlar ýurdy» diýse diýsinler,
Men diýjek «döwletli, ylhamly mekan».
Nähili buýsançly,
Neneñ owadan,
Ýesenini myhman alan Mardekan!
Maña düşnüklidi Azeriñ sazy.
Azer dili şerbet kimin şirindi.
Şahandaz Azeriñ ähli adamy
Maña Samet Wurgun bolup göründi.
Bize «dogan!» diýip gujak açdyñyz,
Söz barmy ýürege bu sözden ýakyn.
Bu ýere ugramak ýeñil düşüpdi
Bu ýerden ugramak bize biraz kyn!.. Goşgular