|

Awara ýel

Awara ýel AWARA ÝEL

Awara ýel herýan öwsüp,
Men deý,ýaryñ gözleýäñmi.
Söwer ýaryñ zaryn çekip,
Zaryn-zaryn sözleýäñmi.

Gel ikimiz sözleşeli,
Senden özge syrdaşym ýok.
Derdim bilip derman boljak,
Tebibim ýok,gardaşym ýok.

Menä zemin sergezdany.
Senem asman awarasy.
Derdimizem meñzeş ýaly,
Çünki çalýañ zaryn sazy.

Bir naýynjar owaz etýäñ,
Kakyp mydam penjiräme.
Gel şemal,arzym aýdaýyn,
Ýöne diýme,señki näme.

Birazajyk derdim ýeñlär,
Zaryn heñe goşsam aýdym.
Aç gujagñy,sal goýnuña,
Seni howandarym saýdym.

Sal goýnuña,özüñ bilen,
Uçur meni asman sary.
Señ goýnuñda ganat ýaýyp,
Men yzlaýyn,söwer ýary.

Seniñ bilen alyslara,
Ýarym yzlap uçaýyn men.
Gowşur meni wysalyma,
Bagtyñ suwun içeýin men.

Gyzylgül Annagylyjowa.

2002 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи