Ata-babalarymyñ ruhunyñ öñünde
Ata-babalarymyñ ruhunyñ öñünde
▶ ATA-BABALARYMYŇ RUHUNYŇ ÖŇÜNDE
Ýigriminji asyr soňlanyp barýar,
Tamamlanyp barýar meniňem ömrüm.
Bir-birinden zabun ahwalatlardan
Doly boldy ýaşap geçmeli döwrüm.
Öz göwnüme görä ýaşap bilmedim,
Ýaşamaly boldum döwrüme görä.
Herki zamananyň akymy bolýar,
Gitdim şol akymyň ugruna görä.
Ne bolsa, öz kelläm bilen ýaşadym,
Hergiz kellesini ulanman başgaň.
Gara tupanlara döz gelip bilmän,
Kem-kem dargap gitdi Ussagarrylyr.
Siziň alnyňyzda müýnürgesem-de,
Elbetde, bu ýerde ýok meniň hatam.
Nätjek, şeýle boldy,
Bagyşla, bizi,
Gumuň kethudasy, eý Aňkar atam!
* * *
Täleýe garadyp durmak gerekmi,
Ol şeýle-de aýan, şeýle-de belli.
Meger, bakyýete göçüp gitmäge
Taýynlyk görmegiň pursady geldi.
Ala meýdanlary, guba sährany
Bilýän taşlap gitmek agyrdyr, agyr.
Günüme goýsalar, bu ýurdy taşlap,
Şol diýilýän ýere gitjekmi ömür?!
Erkime goýsalar, entek-entekler,
Jadyly jahanda ýaşajak ýörjek.
Uzaklarda Günüň dogşuny synlap,
Porhan baharlaryň gelşini görjek.
Ak alaňda aşyr atyp säherler
Gök ýowşany ysgap bolaýyn serhoş..
Heniz bu ýaşlarda garrylyk näme,
Göwräm ýaý berse-de, göwnüm entek ýaş.
Geljek asyry-da görsek diýerdik,
Ynha, olam däl beýle bir uzakda..
Müň şükür, göç diýip dyzap duran ýok,
Gürrüň barýar diňe taýynlyk hakda…
* * *
Dünýä, seni söýýärin men,
Ýaşap ýörün ine-gana.
Ýöne seniň oýnuň deň däl,
Sen bir ýana, men bir ýana.
Hanha iki adam gelýär,
Biri nadan, biri dana.
Dana kişä ýüz bereňok
Nadana-da diýýäň «jana».
Menem muny ýokuş görýän —
Aň düşünjäm diýseň köne.
A sen bolsa öňe gitdiň,
Sen bir ýana, men bir ýana.
Belki, mamla däldirin men,
Ynjykdyryn çenden aşa.
Dogry gepli boljak bolup,
Ýetdim ine ýetmiş ýaşa.
Gara görsem gara diýýän,
Agy görsem ak diýýärin.
Bar zada-ha bar diýýärin,
ýok zada-da ýok diýýärin.
Sen başyňy ýaýkaýarsyň,
Bu bolşumy alman sana.
Ine şeýdip gidip barýas,
Sen bir ýana, men bir ýana.
Jedelleşsek sen ýeňersiň,
Seň ýanyňda men kimmişim?
Özüm ýeke, ömrüm çäkli,
Amanat bu ýalňyz başym.
Gujagynda ýaşap ýörün,
Ne öýke bar, ne-de kine.
Diňe görüp durşuň ýaly
Sen bir ýana, men bir ýana. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.