|

Anketa doldurylýan wagtyndaky pikir

Anketa doldurylýan wagtyndaky pikir ANKETA DOLDURYLÝAN WAGTYNDAKY PIKIR

1. Wagtlaýyn ýaşaýan ýeriñiz?
2. Hemişelik ýaşaýan ýeriñiz?
(Anketanyñ soraglary)

Dogrymy diýýärin, edemok oýun:
Meniñ hemme zadym diñe wagtlaýyn.

Şu oturan kürsim, ýazýan galamym,
Kagyza seredýän goşa garagym,

Akja köýnek bilen gara penjegim,
Şuş-şu günüm hemem näbelli geljegim,

Meniñ şadyýan-u-gamgyn wagtlarym ~
Hemmejesi, hemmejesi wagtlaýyn.

Ýok, men eger-eger göwnüçökgün däl,
O diýen haýal däl, juda çakgan däl.
Işlese-de dek durman bu ellerim
Wagty saklap, ondan ozup bilmerin.

Çynym bilen diýýän, edemok oýun ~
Meniñ hemme zadym ~ diñe wagtlaýyn.
Ýazýan setirlerim, pikir-oýlarym,
Ýeñil-u-ýüklüje geçýän aýlarym,

Bikemala, bimessebe käýinşim,
Ýarymça ýoklardan edýän haýyşym,

Lezzet baryn alýan syýahatlarym ~
Hemmejesi, hemmejesi wagtlaýyn.

Gowy günler gördüm,
Hawa, bagtly men
Arman, Dünýäñ özi maña wagtlaýyn.

P. S. Gürrüñ tamam boldy,
Gutardy nama,
Ikinji soragyñ geregi näme?…

Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle