|

Alyslarda galan ýar…

Alyslarda galan ýar… ALYSLARDA GALAN ÝAR…

Alyslarda galan ýar...

Ýalňyz bolsaň ýetişerin ýanyňa,
Seni ýeke goýmarn – diýen sözüň bar
Ýatlamalaň dumanyndan çyk-da gel,
Alyslardan alyslarda galan ýar.

Söýgiň bilen derýa bolup joş-da gel,
Öňkiň ýaly gyz juwanlyk ýaşda gel,
Gaýalardan gaýalara aşda gel,
Goja daglaň aňyrsynda galan ýar.

Tapyşýan ýerinde ýer bilen gögüň,
Her gün saňa garaşaryn intizar.
Gün doganda, gün içinden çyk-da gel,
Uzak ýollaň aňyrsynda galan ýar.

Men henizem öňkim ýaly bisabyr,
Ýürek şindem öňküsi dek bikarar.
Uzak ýyllaň örtügini serp-de gel,
Uzak ýyllaň aňyrsynda galan ýar.

Halyl KULYÝEW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи