|

Ahwal

Ahwal AHWAL

Arzuwlarym, umytlarym egbarlap,
Ýaprak ýaly şahasyndan tänipdir.
Manysyzlyk girdabyna itberip,
Dänmejekler bu gün menden dänipdir.

Unutmajaklaram unutdy eýýäm,
Aýatdakam, asman bilen arada.
Men bolsa henizem agtaryp ýörün,
«Ömrüm boýy gözlän ornum nirede?».

Hemme kişi ýer alýarka zer bilen,
Men ornumy gursaklardan gözledim.
Emma, gursaklarda ýer almak üçin,
Ýalñyş çykdy saýlap alan çözgüdim.

Şoñ üçinem asman-zemin arada,
Ýapyp ähli hasaplaryñ depderin.
Bu manysyz düşelgämi terk edip,
Gökde gaýyp ýören akja kepderiñ,
Uçuşy deý, uçup gitsem barlykdan,
Soñlanar meñ üçin manysyz ahwal.
Ýalñyş çykan meselämiñ ol ýerde,
Dogry jogabynam tapmagym ahmal.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle