|

Agladym eje…

Agladym eje… Agyr eken,durmuş ýüki çekerden,
Durmuşdan men juda ýadadym eje.
Durmuş allaryna öwrüm gurardan,
Men juda,men juda sadadym eje.

Sadalygy niçik guýduñ kalbyma,
Ýa-da meniñ hamyrmaýam şolmydy.
Sadalykdan ejir çekdim her zaman,
Synan göwnüm öñde-soñda gülmedi.

Göwnüm ýaly göwün tapman jahanda,
Urundym,çar-ýana galgadym eje.
Ynjytmajak bolup,emen ak süýdüm,
Gizlenip kän gezek agladym eje.

Ynandym ýalanlar,allar ýok deýin,
Emma bar ekeni,soñ bildim eje.
Görsene,ynanjañ sada gyzyñy,
Durmuşam keýp edip,aldady nije…

Gyzylgül Annagylyjowa. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи