Utandyrmak
Utandyrmak
Üýşüp dostuňka bolarsyň myhman,
Iň ilkinji hezzet – çaý bilen çörek.
Käsi diýer: “Getirsene naharňy
Soňky çykan zatlar nämäme gerek?”
Meniň söwer dostum,
Gadyrdan dostum,
Sen näm üçin ýüreklerde dag goýýaň?
Ýaşyň biziňkiden kiçemä-hä däl,
Ýa-da unutdyňmy baryny eýýäm.
Sorap gör eneňden unudan bolsaň,
Diňe şonda düşünersiň bada-bat.
Biziň üçin juda gymmat düşendir
Beýik mertebeli “SOŇKY ÇYKAN ZAT”
Şu günüň kakabaş ýetginjeklerniň
Gulagyndan çekip, berkiräk darap, —
Bu zatlary öwretmeli halyňa,
Seň özüň otyrsyň gazaply sorap.
…Şu beýik däbimiz ömür ýitmesin,
elmydama açyk bolsun gapylar.
Çaý bilen çöregmiz mydam bar bolsun,
Başgasynyň bir alajy tapylar.
Halyl Kuly. Goşgular