Meniñ ahwalym — gyşyñ ykbaly…
Meniñ ahwalym — gyşyñ ykbaly…
Dekabr aýazy gondy ýurduma,
Tebigat bürendi gazap nikabyn.
Meçew berip meniň köne derdime
Ýyldyzlar soraýar ýyllaň hasabyn…
Ümürler gizleýär bagtyň ýodasyn;
Şekiller düşnüksiz doňan peýzažda.
Leglek ruhum gözläp wysal adasyn
Derýa-deňizlere edip ýör sežde.
Bir tarapda ruhsuz tenim — ýalaňaç,
Goşa, şor çeşmeden kökün suwarýar..
Bir tarapda bokurdagy dolan gyş,
Aglabilmän ýalaz-aýaz ýüwürýär…
Gyrawlan söýgimi ýatladýan baglar,
Bilsediler has bagtyýardyklaryn.
Bahary ýene-de gujaklar olar,
Men bolsa ýitirdim yşgyň depderin…
Sowuk nazaryňa sezewar bolan
Dünýämde gyş hekem ýyllardan bäri..
Ýylanok gursagym — ýylanok jahan,
Ne Gün täsir edýar, ne ot, ne däri.
Jahana kim peşgeş berdikä gyşy?
Ýa düşdikä kimiň sowuk bakyşy?…
© Taýmaz SEÝIDOW. Goşgular