|

Hakym bar ýaly…

Hakym bar ýaly… HAKYM BAR ÝALY


«Men ýaraly gurt sen gurbanlyk guzy»
Baryş Manço.

Men ýaraly gurt — sen gurbanlyk jeren
Yşk bize gadagan bolsa-da i:rden;
Ikimiz şu sähraň bagryndan inen,
Ikimizem ganýas şol bir güzerden…

Bu hekaýa bize gadagan ýaly
Ýöne sähram sensiz bitagam ýaly…

Bir seretsek aýra ýaly ýolumyz
Men gowgaly pikir- sen gözel hyýal!
Saý sebäpler aýyrsa-da ýolumyz
Bir janda, bir tende garaşýar wysal…

Ykbal ak patasyn bermejek ýaly
welin, ýürek sensiz urmajak ýaly…

Göwün gözgim — jahankeşde bulutlar
Maksadym — menzilim — hasylym — ýaşym…
Gel, gör! Sowuk şöhläň badym urup dur
Bu älem dar maňa göwşn kuýaşym…

Ol gadymy alaw öçmejek ýaly
Herhal ömür sensiz ötmejek ýaly…

Täleýiň niýeti-matlaby nirä,
Haýsy ýana rowan bu gadym heňňam?
Bilemok, bilýänim — ikimiz läläm,
Kadadan-galypdan çykdyk bir eýýam…

Hem seni söýmäne hakym ýok ýaly
Hem sensiz du-jahan ýakym ýok ýaly…

© Taýmaz SEÝIDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи