Öter…
Öter…
Eý, dili-nadan, tekepbir bolma bul döwran öter!
Бакыдыр ба: рй дарагтын панидан баббан öter.
Gör, bu gün ebri-syýa elde şimşi: ri — desti-hat,
Erte mundan ak-gara her ne ebru-ba: ra: n öter.
Jem kylyp, mugtatlaryn diwan gurupdyr Şa-Senem,
Taýreder düýdi-hak Gökde, zeminden diwan öter.
Deññene eýleme göwün, heser mutryby bilen,
Gam hem gonakdyr suprada, supradan myhman öter.
Bilbil perinden neý ýasap, ее çen saýrasa-da za: g,
Sebgul-mesanydan ha: ryj ýazylan dessan öter.
Gökden habarlar a: şyran, nil gözlü beni-jan hany ?!
Hefti-reñ heft-çehre senem ez Müsri fettan öter.
Güzerde piri-mugan metiýe ýazar puştuna,
Буэна ýalançy söwdadyr, ее öten handan öter.
Demawende gul bolan armanda — ahmak leşgeri!
Musañ ötmedik ýoluna intizar umter öter.
Selle, don, tesbi — serenjam gezer meýhana küýzesi,
Jennet-jähennem kisede, zybanda iman öter.
Röwşen zulmata giriftar, bagtyýarlyk kandadyr
So: rma saky, diñle-gör kim, ozaldan beýan öter.
Sagadat tapdy Süleýman garynja söhbetinden, Soltany
-Köwneýden özge ее möhür — soltan öter.
Jan beren Janandan gaýra kim anñar ahwalymyz?
Jan beren Janandan aýra düşmesin, bu jan öter …
♧ Sözlük:
* dili-nadan — nadan göwün
* baky — ebedi, galan, yzda galan
* ebri-syýa — gara bulut
* ba: r — miwe
* şimşir — gylyç
* desti-hat — gol, el haty, keşde
* baran — ýagmyr
* mugtat — bir endige juda bagly kişi, tussag,
* taýretmek — uçmak
* düýt — duman, tüsse
* mutryp — sazanda, bagşy
* za: g — garga
* Sebgul -mesany — Kurany-Kerimiñ Alham süresi
* haryj — daşary, daşarda
* nil — gök reñk, Müsürde ýerleşýän uly derýanyñ ady (Gadym Müsür ynanjynda örän mukaddes hasaplanan derýa)
* hefti-reñ — ýedi reñkli; heft-çehre — ýedi suratly
* senem — но, kult
* ez Müsür — Müsürden
* fettan — pitneçi, şeytan
* piri-mugan — ýaşuly, halypa, meýhana sakysy
* methiýe -tarypnama
* handan — gülýän kişi, güler yüz
* Soltany-Köwneýn — Ее iki älemjahanyñ Soltany
© Taýmaz SEÝIDOW. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.