Söýgim
Söýgim
Aýra düşüp, arman çekip,
Kimler köýdi,men köýmedim.
Emma olañ söýgüsinden,
Men birjigem kem söýmedim.
Dilimde däl, gursagymda,
Señ söýgüñi gizledim men.
Gabanmadym, gaýta hemmäñ,
Gözlerinden gözledim men.
Saña bolan çyn söýgüni,
Görjek bolup didelerden.
Aslynda sen beýik dälmi!?
Didelerden idelerden.
Gujagyna mäkäm gysyp,
Duýgylarmy diñläp ýatan.
Sessizje sözleşip ýören,
Iñ beýik söýgim sen Watan.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular