Deñedim men
Deñedim men
Gözler kalbyň aýnasymyş,
Onda göwnüň aýnasy ne?
Saçlarymy deňedim men
Öz göwnümiň aýnasyna.
Şamar saçlam süpürgiç deý:
Kalplaň çaňyn gözleý-gözleý,
Süpürip hem göwünleriň
Düwünlerin çözleý-çözleý,
Gyrylypdyr gyrym-gyrym,
Sandan galan sübse ýaly.
Hatda indi öz göwnümem
Süpürmäge ýok mejaly.
Göwnümden gözbaş alanym
Şeýde-şeýde çalarypdyr.
Aýamadyk göwnüm menden,
Ine, şeýdip ar alypdyr.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular