Nädürs diýdigim dürs eken
Nädürs diýdigim dürs eken
Ugrunda elem boluplar,
Hydyr diýdigim hyrs eken.
Gyýa bakyp, ýüzüm öwrüp,
Nädürs diýdigim dürs eken.
Hydyrmy hyrs? Bilmen haýsy,
Öwrülip dur pursat bolsa.
Ynamsyzlyk tohum bolup,
Şeýdip ösýär gursaklarda.
Ýaşadygym dünýäñ özi,
Düzüw däl-de çöwremidi?
«Dünýäñ özi çöwre»-diýip,
Gyýa bakmak dogrumydy?
Aýdyñ dünýä günälimi?
Çöwürseler pursat bolsa.
Gülleriñ ornuna tiken,
Ekseler dar gursaklarda.
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular