|

Ömür hakda oýlanma

Ömür hakda oýlanma ÖMÜR HAKDA OÝLANMA

Durmuş hezil,
Güneş ýaly çogy bar,
Ýaşap ýörseñ ünjüsiz,
Emma…
Ýaşlygyñ ýazlary sowlup,
Güýzän ömrüñ nyşany,
Gara saçlañ arasynda agy bar.
Sanamadym şol saçlaryñ,
Agyny arman edip.
Has armanly,
Mährem ýüzleñ,
Aramyzda ýogy bar.
Sanamaýyn näçesiniñ gidenin,
Beterinden özüñ gora Biribar.
Şol gidenleñ gussasyna,
Harçlap gamlañ dessesini?
Öz ömrüñe näme berdiñ?
Aýtsana özüñe diläp,
Ömürleñ iñ uzagyny.
Şeýtan salan syrtmagyny,
Üzüp bilmän duzagyny,
Gezip ýörme gaflatda.
Oýan.
Oýlan.
Gitmäkäñ,
Gidenleriñ arasyna.
Öñde-soñda şol gitmeli menzile,
Armansyz gideriñ ýaly.
Baky uky ornaşanda meñziñe,
Arkaýyn ýataryñ ýaly,
Bihuda günleñ hataryn,
Uzaltma bes. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle