|

Häsiýet

Häsiýet HÄSIÝET

Suw bermän, bilkastdan tebsiretdiler,
Ýallaman, bilkastdan ajykdyrdylar.
«Señ paýyñy iýýär ho-ol tazy» diýip,
Onuñ garşysyna öjükdirdiler.

Torture ýaly tos-togalak ol güjük,
Ylla janawerde köýen dek ary.
Il bilen işi ýok ýuwaş tazyny
Dalamaga taýyn dogaly bäri.

Şäheriñ gezelenç meýdançasynda
Bu gün ýene gördüm şol tanyş oýny:
Güjük taza bakan düw-düw dyzaýar
Agyz uraýmaga ysanok bogny.

Gapdalynda ol güjügiñ eýesi
Guwanç bilen synlap onuñ üýrüşin.
Makullaýar oñ dişlerin syrtardyp
Ýognan boýnun haýbat bilen düýrüşin.

Tazy bolsa düşünenok hiç zada
Ol güjügiñ urýan azmyna haýran.
Men näme ýamanlyk etdimkäm oña
Diýýän ýaly diñşirgenip dur haýwan.

Eýesi güjükden, güjügem ondan
Göwnühoş boluşyp dur, hanha, olar.
Güjükkä häsiýetin synlap haýykdym,
It çykaýsa dagy nähili bolar?!.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle