|

«At bilen kowalap gördüler ony…»

"At bilen kowalap gördüler ony…" «AT BILEN KOWALAP GÖRDÜLER ONY…»

"At bilen kowalap gördüler ony..."

At bilen kowalap gördüler ony,
It bilen düşdüler onuñ yzyna.
«Ýelesinden barsañ ys alýar» diýip,
Awçy aç möjegiñ geçdi ygyna.

Onuñ häsiýetine beletdi awçy,
Hasaplydy her bir ätjek ädimi,
Ýöne bu ýagdaýa düşen möjegem
Gowy tanaýardy öz jelladyny.

Ýalañaç çölde däl, ak tokaýlykda
Janhowluna özün urup her ýana.
Mejaly gaçsa-da, eñki agsa-da,
Garaz, gaçýan aldyrmady kowýana.

Daragtlaryñ şahasyndan gar gaçýar,
Gün hem barýar öz ýoluny ortalap.
Ine, birdenkä-de güwläp-gürrüldäp,
Dik depede peýda boldy wertolýot.

Atyljak top kimin düýrüldi möjek,
Çal böri agzyny hatap dek açdy.
…Birden onuñ gan guýulan gözleri
Asmandan çenelýän ýaraga düşdi.

Gapdaldaly berýozany nazarlap
Ok bolup atyldy aljyran haýwan.
Agaja ýelmenip ýüzinligine
Germesatan bolup durşuna haýran!

Çal bulutlañ aşagynda bir ýerde
Baş ýaýkaýar çür depesi daragtyñ
Gözüñ aýdyñ,
Gözüñ aýdyñ, janawer,
Bu gezegem hernä getirdi bagtyñ!

Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle