|

Howatyr

Howatyr HOWATYR

Hawa, saña ýeñil düşer ýaşamañ.
Belki, özüñ sebäbinem bilýänsiñ.
Men aglaýan söwer dostdan aýrylsam,
Sen:
«Dost diýlen näme?» diýip gülýärsiñ.

Çingiz Aýtmatowyñ Mankurty bilen
Seniñ ýakynlygyñ bolmaly, meger.
Men namysdan ýaña öljek bolýaryn,
Sen namys diýilýän sözden bihabar.

Göräýmäge adamsypat närse sen,
Ýöne juda tapawutly biz örän.
Tagallalar başga, talaplar başga:
Maña durmuş gerek, saña güzeran.

Men durmuşdan alýan zatlarym üçin
Il-günüñ öñünde bergidar mydam.
Il-gün diýlen seniñ üçin hiç zat däl,
Sen ilsiz-günsüzem edýärsiñ mydar.

Hawa, saña ýeñil düşer ýaşamak:
Hiç zada kalbyñy aglatmarsyñ sen.
Bir bende gapyñda uwlap ýatanda
Janyñy ýakmarsyñ, agyrtmarsyñ sen.

Men dünýäniñ aýdym-sazyna aşyk.
Seniñ ýigrendigiñ saz bilen bagşy.
…Öz başyñy alyp gitseñem şükür,
Bir zatdan alamat bolmasañ ýagşy.

* * *

Ah, näçe biderek goşgular ýazdyk.
Ömrüñ bir bölegin edipler pida.
Gaty süýji diýdik ajymtyk zada,
Betgelşige diýdik «görmegeý juda».

Gör, näçe bimañyz goşgular ýazdyk.
Ençemesi ýalan, ençemesi pak.
Özgäni däl, özümizi aldadyk,
Ýarym açkak diýdik «Ýok, biz gaty dok».

Ah, gör, näçe duzsuz goşgular ýazdyk:
Durmuş allanäme, gülala-güllük…
Agzymyzda aş gatyklap, magtanyp,
Aglamaly wagty bihuda güldük.

Biz indi diýýäris «döwür şeýledi»,
Ýöne welin, dostlar, hiç haçan döwür
Dogry zady ýazma, ýalan zady ýaz
Diýip, şahyrlara etmändi emir.

Dogry, dogry sözi ýokuş görýän kän,
Sebäbi dogry söz gama dek ýiti.
Ýöne welin adam aldamak üçin
Goşgy goşmak hökmanam däl ahbeti…

Şeýle-de kän dünýämiziñ ýalany.
Şeýle-de ýeterlik aldawdyr-hile.
Dükançy däl ~ şahyr diýen at bilen
Biz bir ýalan sözi satmalyñ ile.

Aýbygadym bu meseläñ üstünde
Bagyşlañ, men bilgeşleýin döwnedim.
Görýäñiz-ä: hiç kişini aç goýjak
Gümany ýok bu mähriban döwletiñ.

Hanha, ýük ýazdyrdy tuduñ astynda
Dört-bäş sany welsepitli pyýada.
Gelen batlaryna güne seredip
Uzyn tüñçeleri goýdular oda.

Kölegede çaý içdiler ýaplanyp,
Ondan soñam hezil edip ýatdylar.
Ajy çaýdan ýene-de bir ýantlap,
Gelişleri ýaly yza gaýtdylar.

Ana, şolar köçe bejerýänlermiş.
Az-küş dälmiş özem aýlyk-günlügi,
Görseñ, herki çeşmesi bar eklenjiñ,
Bar döwletiñ her hiliräk gullugy.

Ine seleñ saýa — ýataryn diýseñ,
Ine-de dem alsañ ~ arassa howa…
Men şu ýerde sözi tamamlaýaryn,
Mundan gelip çykýar şeýle bir sowal:

Hawa, dogry zady ýazmak ýeñil däl,
Bu hemmä düşnükli eýýämden bäri.
Şeýlelikde, bir welsepit edinip,
Belki, täzelemek gerekdir käri?

Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle