Kaka!
Kaka!

Sen gideñsoñ dünýämizden aýrylyp,
Üstümi çal duman büredi, kaka!
Gursagymdan bir zat sogrulan ýaly,
Içimde bir boşluk döredi, kaka!
Ol boşlugy hiç zat dolup bilenok,
Ýogsa, ýetik şükür bilen toba-da.
Kaka, sen bolmasañ, az bolýar eken,
Barsam gujak gerýän tutuş oba-da.
Ýaradandan razy!
Ömrüñ dowamy,
Señ ýaýran nahallañ boý alýa, kaka!
Baryñda panyny bakydyr öýden,
Gyzyñ öñküden-de, goýalýa, kaka!
Indi bu dünýäñi hem o dünýäñi,
Bilýän,aýamaly gyzyñ men, kaka!
Goý, sebäp bolaýyn şu günden şeýläk,
Arkaýyn ýatmagña, yzyñdan, kaka!
Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. Goşgular