Gülküsi tutýan aýal
Gülküsi tutýan aýal
Gözlerin ýaşardyp gülýär aýaly,
Gülküsin bir bada goýýanam ýaly.
Dem salymdan ýene ýarylýar böwet,
Elbetde, sebäbi bardyr ~ bu magat.
Ýarym-ýaş boluplar
öñküsi ýaly,
Şol sebäbi düşündirýär aýaly:
~ Daşarda pişigi ýalap dur pişik,
Biri-hä hor, biri ylla bir meşik,
Bir-birine welin mähri üýtgeşik…
Gülmez ýalymy?
Äri geñirgenýär öñküsi ýaly,
Göz ýaşardyp gürrüñ berýär aýaly:
~ Syn edýärin, ýöne bilemok entek ~
Haýsysy urkaçy, haýsysy erkek…
Bir görsem, eý toba, ine göz-gülban ~
Nädende ýaranyp boljagyn bilmän
Näz-kereşme bilen mäwleýär meşik.
Bolmajysyn bolýar beýleki pişik,
Ýogsam garny-ha aç, tüýi bulaşyk.
Gülmez ýalymy?
Zor aýakdan ýylgyrsa-da kä ýarym,
Bu waka gülküsi tutanok äriñ.
Emma hezil edip öñküsi ýaly,
Gürrüñini dowam edýär aýaly:
~ Göwnüñ gider ýaly zat bolsa käşgä.
Ysgyn-mydarynyñ ýokdugy äşgär.
Bir añkasy aşan sary imeşik,
Ölüp-öçüp barýar şonda-da meşik…
Belki gülkünçdir,
A belki ~ däldir.
Ýöne ine bolan wakañ beýany:
Äriñ dura-bara gahary geldi,
Güle-güle keýpden çykdy aýaly.
Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Goşgular