|

Gadymlardan gelýän gürrüñ

Gadymlardan gelýän gürrüñ Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ GADYMLARDAN GELÝÄN GÜRRÜÑ

Şeýle bir wakanyñ bolandygyny
Bize gürrüñ berýär gadymy döwür.
…Aýak kakyp ýatyr düýe janawer,
Diýmek, tamamlanýar güzaply ömür.

Bu Garagum atly gurak dünýäde
Görmedik ýoly ýok, girmedik goly.
Gözlerini ýaşardypdy kän gezek
Janaweriñ tüýs düýelik ykbaly.

Ine, indi soñlap agyr ýoluny
Jan berip ýatyrka ýalñyz düýesi.
Onuñ baş ujunda gelip oturýar
Düýäñ özi ýaly garry eýesi.

Ol diýýär: «Eý düýäm gör näçe ýyllap
Maña hyzmat etdiñ, heziller berdiñ.
Käte ajykdyrsam, käte suwsatdym,
Göterip bilmejek ýüküñi urdum.

Nätjek, ahwal agyr, gün-güzeran kyn.
Nähak çybyk çalan bolmagym mümkin.
Göwnüñ galan ýeri bar bolsa eger,
Herne razy bolawergin janawar.»

Eýesine bakan gözün agardyp,
Onuñ tutup berýän suwundan içmän,
Diýipdir: «Aç, suwsuz saklanyñ üçin,
Ýenjeniñ üçin ~ men günäñi geçýän.

Ýöne ýadyñdamy, bir gezek meni,
Eşegiñ yzyna tirkäpdiñ, eýäm?»
Eýesi wakany ýatlajak bolup
Ýaşaran gözüne bakypdyr düýäñ.

Ölmezinden ozal soñky sözüni
Düýe kynlyk bilen edipdir dowam:
«Şol beren jezañy welin hiç haçan,
Hiç ýerde bagyşlar öýtmegin, eýäm!»

Düýe jan beripdir, eýesi bolsa
Galyp geçilmedik günäñ astynda,
Galan ömrün basyrganyp geçipdir
Ajal diläp, dirilikden asgynlap.

Dünýäniñ ýüzünde zowalsyz zat ýok,
Haýryñy, şeriñi ölçäp dur ömür.

Bu waka-da bimany bir gep bolsa
Ýatladyp durmazdy gadymy döwür.

Günorta Krym, 22-23.06.1982.

* * *

Eşidipdim, gadymy bir kitapda
Şeýle manydaky bir ýazgy barmyş:
Günä iş etmegi göwnüñe düwmek
Şol işi etdigiñ hasaplanýarmyş.

Hawa, göwün görnüp duran närse däl,
Görünmeýän zadam subut etmek kyn.
Emma göwne beslän bolsañ şer işi,
Bu gün maksadyña ýetmegiñ mümkin.

Eşdişime görä, gadym zamanda
Bir patyşa golun goýup Permana,
Deñ jeza berenmiş ~ bir teññe bile,
Teññe däl ~ bir sandyk pul ogurlana.

Hawa, bary-ýogy bir teññe bilen
Sandyk doly puluñ tapawudy kän.
Ýöne teññe alan sandyga duşsa,
Ondan ýüzün sowup geçäýermikän? —

Şeýleräjik garan eken meselä
Köne ýazgy bilen gadymy perman.
Ýöntemmi? Bilemok. Meniñ özüm-ä
O diýen ýöntemem däl ýaly görýän. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle