Maslahat
Maslahat
▶ MASLAHAT
Kesek atyp arrygyňy gynama,
Häzir maňa degmez atan kesegiň.
Başga bir bendäni nyşana edip
Gün bermeýän bolsa uçran keseliň.
Özüň görüp dursuň, keseg-ä däl-de,
Maňa häzir kär edenok gülle-de,
Hawa gardaş, meni ýykmak tamaňy
Häzirlikçe zyňyp taşla kelleden.
Ynanaý men senden gaty göremok,
Dogrujamdan gelsem, agyrýar nebsim,
Gijeler uklaman ýazýaň üstümden,
ýok, gardaş, ýeňil däl seniňem kesbiň.
Hawa, gynansamam edil şu mahal,
Atýan kesekleriň özüňe deger,
Ýöne saňa bir maslahat bereýin,
Ýamanlaman ýaşap bilmeseň eger.
Az-kem sabyr eýle, birneme garaş,
Bir gün pelek çarhyn tersine öwrer.
Şonda başga ýana kesek atsaň-da,
Meniň maňlaýyma patylar durar.
Galanynam özüň pikir edip gör,
Ýöne biçeme-hä däldir aýdanym.
Hemme zat tersine tutup ugranda,
Arkaýyn bol, baryp özüm aýdaryn. Goşgular