Däneler
Däneler
▶ DÄNELER
Asmanyñ açygyn söýdüm,
Gyzlaryñ alçagyn söýdüm.
Müñ öýüñ duzuny datdym, ~
Öýümiñ saçagyn söýdüm.
* * *
Gelinleriñ arasynda
Göz eglendi agrasynda.
Müñ gülüñ tohumyn gördüm
Ýazyñ ýüpek göwresinde.
* * *
Agşam ýatdym mukam diñläp,
Säher turdum mukam diñläp.
Pikir etdim, saz bolmasa,
Goja heññam gider zeñläp.
* * *
Takdyr maña şeýle dosty bersedi,
Görünsin halymyñ agyr pursady.
Diýýänimden biri bardy hem welin,
Olam indi özün tutdy, dürsedi…
* * *
Sen aýdan, ýyldan dilgir,
Ýagyşdan, ýelden dilgir.
Ýolumda böwet diýip,
Garga bilbilden dilgir.
* * *
On altynda bakdym dünýäñ ýüzüne,
Ýekeje göz ildi şonda gözüme.
Elli ýaşda etdim on minut gezim ~
Müñ bir perizada sataşdy gözüm.
* * *
Güler ýüzi bardy, ýaz ýaly göwni.
Illi-günli, dostly-ýarly ýigitdi.
Pul bilen ganybir garyndaş boldy,
Deregine başga bir zady ýitdi.
* * *
Ilçilikdir, aýnan kişi aýnasyn,
Inçelen inçelsin, ýognan ýognasyn.
Juda janym ýakyp, gargynamda-da,
Men diýerin: «Ah, köküñiz ýaýrasyn!»
* * *
Seniñ maña ýaramaýan tarapyñ,
Juda çökder bolýar edýän talapyñ.
Seniñ ikinji bir erbet tarapyñ,
Ýetmesiz ýerlere ýetýär tanapyñ.
Onsoñ üçünji bir ýetmez tarapyñ,
Bolmaz eken sende takat-tagapyl.
Üstüne-de, iñ bir ýaman tarapyñ,
Diýýäñ: «Bu häsýetler Alla tarapyn…»
* * *
Küren obañ, uly iliñ içinde
Onuñ birje kişä göwni ýetýärdi.
Şol göwni ýetýäni del adam däldi,
Ol özüni göz öñünde tutýardy.
* * *
Ýüzi düýäñ dabanyndan ýuka däl,
Her gulagyñ gurşuny bar bir gadak
Bir haýkyrdy, sesi Çyryşla ýetdi:
— Nähili deýýus, siz! Nähili gödek!
* * *
Jenaýat kodeksin maddama-madda
Ýatdan aýytmaga gelýärdi hötde.
Öýünde-hä şol kitabam ýok welin,
Başga ýerde okandyr-da, elbetde. Goşgular