|

Zemin

Zemin Berdinazar HUDAÝNAZAROW

▶ ZEMIN

Egne alyp ýüz adamlyk ýüküni,
Äpet uçar üzdi ýerden örküni.
Köşiniň çetinde
howur örtünen
Müňläp adam ýatan mazar görünýär.

Uçup barýas çenden-çakdan çalasyn,
Tasygan bulutlar kakýar pelesaň.
Bölek-bölek obalara garasaň
Meýdanlaryň gerşi goňur görünýär.

Uçaryň göwresi sowanok. Yssy.
Hanha Daşlyň oýy, hanha-da Bussy.
Meniň barýan ýerim Ýerbendiň üsti..
Çagalykda geçen ömür görünýär.

Guýular, guýular, tanyş guýular..
Göreňde elbetde göwnüň gyýylar.
Çölde rysgyn çöpläp ýören düýeler…
Uruşdan ozalky döwür görünýär.

Gözlerim aşakda, elim tesbide,
Synçylyk bar köne çarwa kesbimde.
Sogup barýan bulutlaryň astynda
Garagum gurşun dek agyr görünýär.

Bolsa-da ümmülmez, bolsa-da uly,
Ahyr tamamlandy Garagum çöli.
Gyryň eteginde bagly-bakjaly
Göm-gök öwsüp duran böwür görünýär.

Uçar emaý bilen aşaga iýndi,
Galmagal köpeldi «gondy-da», «gondy».
Ulynyň, kiçiniň ýüzünde indi
Ne takat, ne-de bir sabyr görünýär.. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle