Rysgal
Rysgal
▶ RYSGAL
 Artyk göräýmesem az-a göremok, 
 Bu dünýäniñ maña beren paýyny. 
 Özüm bileb getirmändim ahyry 
 Iýjek nanymdyr-u içjek çaýymy.
 Durmuş bolsa şu zatlardan başlanýar, 
 Şuny-da biz ýatlaýarys her demde: 
 Günüñ reñkin soran bugdaýyñ başy 
 Bu Dünýäni göterip dur gerdende.
 Yzda galdy agaç asyr, daş asyr… 
 Adam ýyldyrymdan ýasandy ganat. 
 Ýyldyrymyñ ýelgininden bat alyp, 
 Biz şahyrlar guwduradyk kä halat.
 Bajakly meýdanlar ilmedi göze, 
 Ýöntemräk göründi derçirän daýhan. 
 Ýöne şindem şu meýdandan önýärdi 
 Ýüzüme syldygym mele-myssyk nan.
 Säherler başlanýar aýdym-saz bilen 
 Dañdan başym galdyrmankam ýassykdan, 
 Kemlikden-ä zeýrenmäge hakym ýok, 
 Ýöne gäbim azaýmasa meslikden.
 Takdyr ýola düşen tigirçek ýaly 
 Ýyndamlandy baharymyz, gyşymyz, 
 Hernä, bu döwletden, beýle bagtdan 
 Aýlanmasyn bu amanat başymyz.
 Şeýle zamanda ýaşap ýörüs biz: 
 Tapylýar bir zady küýsese ýürek. 
 Rysgalymyz ýetik. Ýöne şu zady 
 Götermäge, dostlar, injigem gerek. 		 	  Goşgular
