Ýyldyzlar näme diýýär? (Täleýnama – Sentýabr 2025)

Ýyldyzlar näme diýýär? (Täleýnama – Sentýabr 2025)

HAMAL (Guzy) 21.03 — 20.04

Hamallar bu aý töweregindäki adamlaryň kömegine bil baglamaly bolarlar. Pikirdeşleriňizi, umumy düşünjeleriňiz gabat gelýän kişileri daşyňyza jemlejek boluň. Bilelikdäki hereketler size täze belentliklere ymtylmaga, tutan maksatlaryňyza ýetmäge ýardam eder. Bu aýda girdejiňiz hem artyp, zähmetiňize görä rehnet eçiljek aý bolar. Üstüňize jogapkärçilik almakdan ýaýdanmaň. Maksadyňyzy aýdyňlaşdyryp, dörän mümkinçiliklerden peýdalanmagy başarsaňyz, üstünlik hemraňyz bolar.

Size sportuň özüňize gabat gelýän hem-de lezzet berip biläýjek görnüşini tapmak gerek. Belki, ol ylgamakdyr, ýogadyr ýa-da toparlaýyn oýunlardyr. Yzygiderli maşklar diňe bedeniňizi berkitmän, eýsem, dartgynlylygyňyzy-da gowşadyp, rahatlyk eçiler.

SOWUR (Öküzçe) 21.04 — 20.05

Bu aý sowurlaryň öz gylyk-endiklerine, daş-töwereklerine ünsli göz aýlamaklary üçin oňaýly bolar. Sizi arzuwlaryňyza ýetirjek üýtgeşmelere tarap aýgytly gadam basmagyň wagty ýetdi. Ilki bilen, durmuşyňyzda haýsy zadyň öz mütdetini geçirendigini anyklamaga synanyşyň. Ahmal, ol şahsy gatnaşyklar ýa-da iş ornuňyzdyr? Muny özüňizden gowy biljek başga bir adam bolmaz. Sizde durmuşyňyzy üýtgetmäge ýeterlik güýç bar. Şony unutmaň.

Bu aý saglygyňyza eserdeň bolmak gerek. Bedeniňiziň berýän duýduryşlaryna biparh bolmaň. Ýagdaýyny tapdygyňyz, lukmançylyk barlagyndan geçiň. Şeýle etseňiz, saglygyňyz bilen bagly öň bar bolan meseläni wagtynda çözüp ýa-da bolup biläýjek sökelligiň öňüni alyp bilersiňiz.

JÖWZA (Ekizekler) 21.05 — 21.06

Jöwzalara bu aý öz içki seslerine gulak asmagy gerek. Kähalatda hut şol ses bize iň çylşyrymly meseläniň çözgüdini tapyp, dogry ýoly salgy berýär. Islendik tekliplere açyk boluň we öz pikirleriňizi ýakynlaryňyz, işdeş ýoldaşlaryňyz bilen paýlaşmaga ýaýdanmaň. Iş ornuňyzda çözülmesi kyn meselelere gabat gelmegiňiz ahmal, olary kärdeşleriňiz bilen maslahatlaşyp, köpçüligiň pikirine görä çözüň. Öňüňizde anyk maksatlary goýuň-da, olary amal etmek üçin öň synagdan geçen usullary ulanyň.

Bu aý jöwzalaryň saglygy olaryň öz durmuşlaryna çemeleşişine bagly bolar. Kadaly iýmitlenmegi, yzygiderli maşk etmegi hem-de ýeterlik dynç almagy unutmaň.

SERETAN (Leňňeç) 22.06 — 22.07

Bu aý seretanlardan maslahat sorap ýüzlenjekler köp bolar. Bu, töweregiňizdäkileriň size we siziň pikirleriňize gadyr goýup, kyn pursatda ýüzlenip boljak ynamdar adam hökmünde garaýandyklarynyň alamaty. Şonuň üçin adamlar size ýüz tutanda çekinmezler ýaly, açyk göwünli bolmaga çalşyň. Tebigat tarapyndan berlen özgelere kömek etmäge ilgezik häsiýetiňiz köpleriň ykbalyna ýakymly täsir edip biler. Sentýabr seretanlaryň eden yhlaslarynyň miwesini eçiljek aý bolar. Ykbalyň hödürlejek mümkinçiliklerine taýyn boluň. Bu aý degna ulgamyňyza eserdeň boluň, dem alyş maşklaryny etmek, ýoga bilen meşgullanmak üçin wagt tapyň. Üstüňize agyr-artyk iş alyp, bedeniňizi surnukdyrmaň.

ESET (Ýolbars) 23.07 — 23.08

Esetler durmuşda haýsy zada üns bermelidigini kesgitlemelidirler. Işmi, şahsy gatnaşyklarmy, saglykmy ýa söýgüli güýmenjeler, tapawudy ýok, siz ünsüňizi gerekli tarapa gönükdirmegi başarsaňyz, artykmaç wagt sarp edip, gerekmejek emgenmelerden dynarsyňyz. Size bu aý hyzmatdaşlyga hem täze mümkinçiliklere açyk bolmak gerek. Topar bolup çekiljek işjeň zähmet size öz aýratyn taraplaryňyzy görkezmäge şert döreder. Taýyn boluň, üstünlikler eýýäm göz ýeterde. Ýyldyzlar bu ýagdaýyň wezipe basgançaklarynda ýokary galmaklyga eltip biljekdigini-de duýdurýarlar.

Saglygyňyz üns berilmegine mätäç, aýratyn hem, degna ulgamyňyz. Süýji hem kofeinli önümleri artykmaç iýip-içmekden saklanyň.

SÜNBÜLE (Gyz) 24.08 — 23.09

Sünbüleler bu aýda daş-töwereklerinde baýramçylyk ruhuny döretjek bolmaly. Haýsydyr bir kiçiräk baýramçylyk dabarasyny geçiriň ýa-da dost-ýarlaryňyz bilen oňaýly bir ýerde üýşmeleň guraň. Öň gowy gatnaşyp, saý-sebäp bilen ýatdan çykaran adamlaryňyz bar bolsa, olary tapyp, ýakymly ýatlamalary paýlaşyň. Bu aý girdejiňiz geň galarlyk derejede öz-özünden köpeler. Özüňizde bar bolan ukyplary peýdalanyp, iş ýeriňizde täsirli teklipleri hödürläň. Ugruňyza degişli goşmaça okuw sapaklaryna gatnaşmak hem gözýetimiňizi giňeldip, täze pikirleriň döremegine ýardam eder.

Aşa işeňňirligiňiziň saglygyňyza zyýan ýetirmegi ahmal. Siz, megerem, işe halys berlip, dynç almagy unudýan bolmaly. Unutmaň, öz wagtynda alnan uky, ýadan çagyň dynç almak, ajygan dessiňe kadaly iýmitlenmek saglygyň esasy talaplarydyr.

MIZAN (Terezi) 24.09 — 23.10

Mizanlara bu aý gazanan hem gazanyp bilmedik zatlary barada oýlanmak gerek. Nämä göz ýetirdiňiz? Näme öwrendiňiz? Haýsy zatlary sapak edindiňiz? Uzak möhlete niýetlän, şeýle hem gysga wagtda amala aşyrmak isleýän maksatlaryňyzy saýhallaň. Şeýle etseňiz, özüňiz üçin, hakykatdan hem, has möhüm bolan zady kesgitläp bilersiňiz. Bu aý öz teklipleridir pikirlerini köpçülik bilen has köpräk paýlaşsalar, mizanlaryň özleri üçin gowy bolar. Bu size täze hyzmatdaşlyklara we mümkinçiliklere tarap gapylaryň açylmagyna sebäp bolar. Netijede, siz öz arzuw eden wezipäňize hem-de gazanç çeşmesine ýetip bilersiňiz.

Saglygyňyzy gözden salmaň. Özüňizde ýarawsyzlyk duýdugyňyz, lukmana ýüz tutuň. Bejergini wagtynda alsaňyz, bolup biläýjek sökelligiň öňüni aldygyňyz bolar.

AKRAP (Içýan) 24.10 — 22.11

Akraplara bu aý öz öňünde goýan maksatlaryna gaýtadan göz aýlamak gerek. Özüňize «Men bu ýoly näme sebäpden saýladym?» diýen sowaly bermek, ähli isleg-arzuwlaryňyzy kagyz ýüzüne geçirmek, etmeli ownukly-irili işleriňizi saýhallamak bilen siz üstünlige has tiz ýetip bilersiňiz. Iş ornuňyzda dargursaklyk etmän, dury akyl-paýhasa gulluk etmäge çalşyň. Öz wezipe-borçlaryňa dogry düşünip hereket etmek sizi bulam-bujarlykdan halas eder.

Size saglygyňyz hakda aladalanmak hökmanydyr. Başardygyňyzdan wagtyňyzy daşarda, aýratyn-da, bagy-bossanly ýerlerde geçiriň. Tebigat keýpiňizi çaglap, ruhlanmagyňyza ýardam eder. Kompýuteriň başynda oturýan wagtyňyzy azaltmagy hem unutmaň.

KOWUS (Keman) 23.11 — 21.12

Kowuslar bu aý belentden-belent menzillere ymtylarlar. Bu gowy zat. Ýöne ýyldyzlar size içki rahatlygyň wajyplygynyň maksada ýetmegiň möhümliginden kem däldigini ýatlatmak isleýärler. Çylşyrymly işleri-de ýönekeý usul bilen ýerine ýetirip bolýandyr. Kähalat özgeleriň maslahatyna gulak salmak hem artykmaçlyk etmez. Bu aý siziň işleriňize öz ynamsyzlygyňyzdan başga päsgel berjek zat ýok. Öz kemçilikleriňiziň üstünde işläp, gerekmejek duýgulardan saplanyň. Gazanç meselesinde hem biraz işjeňleşmek zyýan etmez.

Saglygyňyzy hökmany suratda barlagdan geçiriň. Lukmanyň ýanyna baranyňyzda bedeniňizi birahatlandyrýan iň ownujak zatlara çenli aýdyň. Bejergini dogry hem wagtly-wagtynda alyň. Keseli bejereniňden onuň öňüni alanyň gowudyr.

JEDI (Owlak) 22.12 — 20.01

Bu aý jedileriň daş-töwereklerinde bolup geçýän ýagdaýa üns bermekleri gerek. Nirede näsazlyk bar, şony bilmäge çalşyň. Bu, geljekde nähili hereket etmelidigine düşünmäge kömek eder. Ýalňyşyňyz bar bolsa, boýun almakdan ýaýdanman, gaýta ony düzetmek mümkinçiligini gözläň.

Jedilere iş orunlarynda öz döredijilik ukyplaryny görkezmek üçin amatly şertler dörär. Topar bilen işläp, öz pikir-düşünjeleriňizi paýlaşyň. Bu işdeş ýoldaşlaryňyz bilen ýakymly gatnaşygy berkitmek üçin hem tapylgysyz tärdir.

Jedilere sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýermek gerek. Beloklara hem ýokumlara baý gök önümlerden we miwelerden ybarat kadaly iýmit özüňizi duýşuňyzy gowulap, gujuryňyzy artdyrar. Köpräk suw içmegi hem ýatdan çykarmaň.

DALUW (Gowa) 21.01 — 20.02

Bu aý daluwlara ruhy deňagramlylygy sazlamak aňsat bolmaz. Sport, söýgüli güýmenjeler, ýakynlaryňyz bilen gürrüňler güýjüňizi dikeltmäge kömek eder. Geçmişi kän ýatlamaň. Oňa derek geljegiň gowy bolmagy üçin şu gün nämeler edip boljakdygy hakda oýlanyň. Sentýabr daluwlaryň ökde hünärmen hökmünde kämilleşjek aýy bolar. Göwnejaý taslamalaryňyz iş toparyňyzdaky ornuňyzy berkider. Özüňize ynamly boluň.

Saglygyňyz özüňize esewan edişiňize bagly. Ukyňyza aýratyn üns beriň. Dogry dynç almak, sagdynlyga täsir edýän esasy ýagdaýlaryň biridir. Bedeniňiziň berýän duýduryşlaryna biparh bolmaň. Islendik ownujak birahatlygyň uly meseläniň sebäbi bolup biljekdigi ýadyňyzda bolsun.

HUT (Balyk) 21.02 — 20.03

Maksada okgunlylyk — üstünligiň açary. Hutlara bu aý şu jümläni şygar edinmek gerek. Kynçylyklardan ýaýdanmaň, çünki hut şolaryň üsti bilen taplanyp, kämillige ýetilýär. Özüňize ynamly hem wepaly bolup, ädimme-ädim maksadyňyza tarap hereket ediň. Şeýle etseňiz, hökman üstünlige ýetersiňiz. Iş ornuňyzda tertip-düzgüne üns beriň. Iş stoluňyzdan artykmaç zatlary aýryň. Özüňizde bolýan üýtgeşmeleri, iň kiçijik şowlulyklary-da bellik ediň. Bu kynçylyklary ýeňip geçmek bilen birlikde, size has öňe ilerlemäge ýardam berer. Esasy zat, özüňize bolan ynamy ýitirmäň we hiç bir zadyň sizi maksadyňyzdan dändirmegine ýol bermäň.

Ýyldyzlar size saglygyňyza eserdeň bolmagy maslahat berýärler. Lukmanyň gözegçiliginden geçmek, sizi biynjalyk edýän birsyhly ýadawlygyň sebäbini anyklamaga kömek eder.

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle