| |

«Ýok, adamlar bozulanok…»

"Ýok, adamlar bozulanok…" «ÝOK, ADAMLAR BOZULANOK…»

"Ýok, adamlar bozulanok..."

«Adamlar bozuldy diýýänleriň özleri bozulandyr».
(Ýagşyzadalaryň sözlerinden)

Ýok adamlar bozulanok,
Hüý-häsýeti öňki ýaly,
Gep-sözleri,
Boluşlary
Aglaýyşy gülüşleri
Şol öňküsi ýaly entek.
Bir-biregem aldanoklar,
Dogan-dogandan bizar däl.
Ýa ýalandan aglanoklar,
Ýa pul üçin bir-biregi
Söýenoklar, sylanoklar.
Gybat gürrüňleri tapyp,
Bir-biregi gynanoklar.
Goňşy-goňşyň için ýakyp.
Oba-ilden göçürenok.
Gelinler öz ýarlaryna
Gep baryny içirenok,
Agasyndan atasyndan
Enesinden geçirenok.
Ogurlyk, eli egrilik,
Ýokdur, diňe hemme halal.
Ýokdur bir-birne bergili,
Getirýän ýok göwne melal.
Munda ýetim-ýesirem ýok,
Gallaç, garyp-gasaram ýok.
Ýokdur, süýthor, humarbazlar,
Dert çekýän ýok, keselem ýok.
Ýok adamlar bozulanok,
Gyz-gelinem bozuk däldir.
Eger bozuk diýýän bolsa
Şonuň özi bozuk päldir.
…Ynha, gowy boljak bolup,
Setir baryny sepledim.
Ähli zada gowy diýdim,
Parhy nä ýazdym, gepledim.
Meniň sözlerime görä,
Hemmäň gowy, hemme tämiz.
Onda näme maňa poha
Sereden deý seredýäňiz.

12.09. 2021 ý.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle