Men bir ýola…
Men bir ýola…

Men bir ýola
Göwne degdim,
wah.
Giç indi, bilýän
Ahmyrdan peýda ýok.
Bir ömür unudyp bilmejegmem hak.
Bir ömür dikelmez ýykylan göwün,
Her gezek maňa duşanda
Ertir agşamda
Ýykan göwnümiň sahyby
Dönüberýär ýüz ýyl duran haraba.
Ahyry
Meniň müň bir puşmanymdan ne haraý,
Armanyma garaman,
Şol syzylar durar bitmeýän ýara.
Taňry dergähine meňzeýän göwün,
Bizem bir gün ony ýykyp-ýumurdyk.
Indi bolsa puşman edýäs.
Edýän puşmanymyz bilen
Haraba binanyň töweregine,
Ter gunça gülleri ekýän ýaly biz.
Sylapberdi MUHAMOW.
13.01.2022 ý. Goşgular