|

Ýoda

Ýoda ÝODA

Gyjyklaýar dañyñ çygy ýapragy,
Hyjuwdan ýaryljak bu juwan tenim.
Bakyp suw deý akýan gijäñ keşbine,
Wagt bolsa alýar uludan demin.

Maña dolanma ýok, maksatly ýoldan,
Bu ýoda ýüzüme baksa-da müýnli.
Ýoda diýdi: «Edil şu ýerden, ýigit,
Başga-da oglanyñ geçeni düýndi».

Diýdim: «Geçendir-le häki bir ejiz,
Umydyny tümlük içre ýitiren.
Gören dälsiñ meniñ ýaly aşygy,
Ynam azaşdyrmaz, ýola getirer».

Gijäniñ tümlügi, syrylyp bir ýan,
Wagt akýar. Dańam agarýar kem-kem.
…Gije ýodañ gözün baglapdyr, görsem,
Hut şu ýerden ak ýol başlanýan eken.

■ Belki…

Sen bolupdyñ gözel gyz,
Gözlerimiñ gözläni.
Söýdüm seni jan-dilden,
A sen welin özgäni.

Äkitdiler soñ bir gün,
Atgulagy galgadyp.
Elimi däl, ugratdym,
Dilegimi salgadyp.

Sähetli gün toýlanym,
Tebip boldy derdime.
Öwrüldi-le, dünýämde,
Hatlañ ýadygärlige.

Batyr ÇARYÝEW.

# edebiyatwesungat_99 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle