|

Atajan Annaberdiniñ degişmeleri -1

Atajan Annaberdiniñ degişmeleri -1 ATAJAN ANNABERDINIÑ DEGIŞMELERI

▶ «Nirede ýatarys?!»

Bir obadaşy Atajan Annaberdilere oturmaga gelipdir-de, turar ýerde turmandyr. Gije ýarymdan agyberensoñ, Atajan: «Obadaş, bu gün nirede ýatarys, öýdemi ýa daşarda?» diýipdir welin, ýañky: «Be, eýýäm sagat bir bolaýypdyrmy-aý» diýip, turmak bilen boluberipdir.

▶ «Yzyna salmak üçin…»

Atajan Annaberdiniñ Italmaz atly bir aýdymçy tanşy bar eken. Atajan ony toýuna çagyrypdyr-da: «Almaz jan, şu gün hezil bereweri!» diýipdir. Oturanlar: «A-how, Atajan akga, sen oñ adynyñ öñündäki «itini» aýraýdyñ-la» diýşipdirler. Şonda Atajan: «Şu gün hezip bermese, «Itini» munuñ yzyna salmak üçin aýyrdym» diýip ýylgyraýypdyr.

▶ Ekizler

Atajan Annaberdiniñ Hydyr, Ylýas atly ekiz obadaşlar bar eken. Olar şeýle bir meñzeşmiş welin, asyl, aýdyl-saýyl eder ýaly dälmiş. Hydyr diýeni Ylýas, Ylýas diýeni çykyp duransoñ, olaryñ haýsy duşup salam berse-de, Atajan: «Gurgunçylykm-ow, Hydyr-Ylýaslar» diýip, geçip gidiberýär eken.

▶ Bäbeksiz «bäbekhana»

Atajan Annaberdiniñ bir husyt obadaşy bar eken. Kim barsa, ol diñe ýumurtga çakyp berýär eken. Bir gün obadaşlary Atajandan nireden gelýändigini sorapdyrlar welin, şol husytlaryñ öýüni görkezipdir-de:
— «Bäbekhanadan» gelýän. Dogry-da walla, ýañy bäbeklän gelinlere ýumurtga, çabady berilmeýändigini bilmeýän barmy? — diýip, öz ugruna gidiberipdir.

▶ «Kesel nireden gelýärkä?»

Atajan Annaberdä belent howluly, demir derwezeli «galada» ýaşaýan obadaşynyñ näsaglandygyny aýdypdyrlar welin, ol: «Be, il-gün, it-guş girip bilenok, onuñ howlusyna kesel nireden girýärkä?» diýip haýran galypdyr.

▶ «Ýolum düşende»

Ýolda duşan bir obadaşy Atajan Annaberdä: «Ertir toý edýändiris, barybermelidir!» diýipdir welin, Atajan: «Oñ bolsun obadaş, ýöne men-ä ýolda aýdylan toýa ýolum düşende görnäýýändirin» diýen.

▶ «Nuhtumburiýa»

Atajan Annaberdiniñ Annamuhammet Nutyýew diýen bir şahyr dosty bar eken. Nutyýewler gatlada ýaşansoñlar Atajan Annaberdi dost-ýarlary bilen balyk iýmäge barypdyr. Myhmanlaryñ biri gowrulan, buglanan balyklary synlap: «Bular skomburiýamy?» diýipdir welin, Atajan: «Ýok, skomburiýa däl, «nuhtumburiýa» diýip, Annamuhammet Nutyny görkezipdir.

▶ «Gorkan maşyn»

Atajan Annaberdi bir ýagyşly gün inisi bilen ýeñil maşynly barýar eken. Maşyn köneje bolanson obadan çykyberenlerinde, tapyr-tupur ýatyberipdir. Ony köne-küşül maşynlary söküp-satýan hojalygyñ gabadyna eltip, biraz garaşypdyrlar welin, ol işläp başlapdyr. Inisi: «Be, Atajan kaka, muña ne döw çaldyka, ýañ-a ýatdy, ynha, indem gül ýaly işläp dur» diýipdir welin, Atajan: «Söküp-sataýarlar öýdüp gorkandyr bir, ýogsam, işlemezdi» diýen.

Toplan: Batyr ÇARYÝEW. Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи