|

Ynsap dile geldi…

Ynsap dile geldi… YNSAP DILE GELDI…

Goşgy ýazdyk:
Bizde bar zat gülala-güllük — diýip.
Goşgy ýazdyk:
Dürli käriñ syryny bildik — diýip.
Goşgy ýazdyk:
Gol gerende al şapakly täze dañ
Täze ýeñşe,
Şanly ýeñşe biz jylaw saldyk diýip.
Goşgy ýazdyk:
Günbe-günden artdy — diýip — badymyz.
Harman görsek,
Höwes bilen deñedik daglara biz.
Suw zerarly şor basan hem
Akjaran boz ýerleri
Deñedik (aslyna ýetmän)
Gül açan baglara biz.
Ýene ýazdyk:
Nebit sili batly çogup dur — diýip.
Öwdük ýördük, öwdük ýördük,
Öwünmekden doýmadyk.
Ýene ýazdyk:
Nygmat bary ýöne ýagyp dur diýip…
Garaz, gözel çagdan gaýry
Many-mazmun duýmadyk.

Gaýry gerdiş geldi indi,
Dagady gitdi duman.
Adyl ynsap dile geldi,
Nalady ynsap bu gün:
Eýsem indi şeýle biweç
Ýaşajak ýörjekmi sen
Ömür boýy ak kagyzdan gül ýasap,
Aldap göwün?
Derde derman gözlemäge
Kömek etmän iliñe,
Saýrajak ýörjekmi indem
Buýsanyp boş sanlara?
Ilki sen il ogly, şahyr!
Göz, gulak ülkäñe sen!
Neneñ ogluñ jany ýanmaz
Bu telek nogsanlara?!

Ata ATAJANOW.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 1986. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle