|

Ezizim, ot ýakdym…

Ezizim, ot ýakdym… Ata ATAJANOW

EZIZIM, OT ÝAKDYM

Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda,
Gel, otur,
Geçeli ojak başyna.
Isleseň,
Ikimiz söhbet açaly,
Ýalyn ýalkym salsyn degre-daşyna.

Her kimiň öz derdi,
Öz hyýaly bar,
Kim meýlise barýar,
Kimseler işe.
Emma ot başynda,
Ojak daşynda
Göwün posy açylýandyr hemişe.

Aýby ýok,
Käte sen böwrüňi diňläp,
Oýa gidip otursaň-da sedasyz.
Göreş tutup,
Hüjüm edip,
Hiç haçan
Ýeňen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz.

Aýby ýokdur,
Arzuw baryn eksegem.
Käte gaty güläýsegem,
Aýby ýok.
Gözden gizlän hatamyzy aç-açan
Ot başynda biläýsegem,
Aýby ýok.

Arzuw-hyýal ot-ýalyna öwrülip,
Tüsse deýin gaýyp bolsun gussalar.
Elmydama taplaýandyr ot bilen
Ýalaw ýaly ýaraglary ussalar.

Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda,
Sowul,
Çoýunmaga çagyrýan seni.
Ýylyn-da, ýoluňa gidiber ýene,
Kaýyl men,
Üşäňde ýatlasaň meni!

1966. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи