| |

Ynjama

Ynjama YNJAMA

Ynjama

Giç gelen ýaz ýaly, eý, gara gözlim,
Meni gözlän gözleriñden ynjama.
Uludan dem alyp, göwnüñi ýykman,
Saña aýdan sözlerimden ynjama.

Bir söýen kalbyñdan geçip gitme kyn,
Köñülden-köñüle göçüp gitme kyn,
Bolsa-da, pyşyrdap aýtmaga ýakyn,
Eşitmedik sözleriñden ynjama.

Şol gün ýaprak ýagdy, saralyp ýagdy,
Şemala şahalar başyny egdi.
Saña heser bilen bakmaly wagty,
Gabak örten gözleriñden ynjama.

Sen meni ýatlagyn kenara gelip,
Ýyldyzlar göz gypsa, gözlerim bolup,
Meniñ aýdylmadyk sözlerim bolup,
Damja gaçsa, gözleriñden ynjama.

Mämmetnazar BABANAZAROW.

# edebiyatwesungat_81 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle