Meýdan güli
Meýdan güli

MEÝDAN GÜLI
Meýdan güli,
Eýjejigim, ezizim,
Yranyp oturyşyñ adam ýaly-la.
Birden bolup galdym seniñ ýesiriñ,
Takdyr getirendir seniñ ýanyña,
Joşy gaýdyp gaýa kimin gomlaryñ,
Elwan läle jöwzalara dözülen.
Ýagty jahan atly doýmaz-dolmazyñ,
Bir ýerinde nagyş bolduñ gözüme.
Heñ ýaly çeýe sen, roýuñ dury,
Ejiz diýmeklige dillerim barmaz.
Dumana tutsa-da heserler seri,
Ömrüñi ýolmaga ellerim barmaz.
Watan diýlen bu meýdanyñ göwsünden,
Çüwdürim deý çogup çykan kamat sen.
Bizar bolan doñaklaryñ döwşünden,
Senden özge alamaty näm etsin.
Pyrlanýar bu dünýe ýazlardan ýaza,
Aýdymdan aýdyma barýar durnalar.
Bary öwrülmezmi gyzyksyz zada,
Köñülde heññamlar oýun gurmasa.
Boz ysyndan doýmadym diýp datlanym,
Bir gün duýup galar köñül berenmi.
Bilmen ömrüñ niresinde ýatlaryn,
Saña sataşanmy, seni görenmi.
Belki, bu ýerlere çekmez nesibim,
Hoş gal!
Kabul eýle salam ýollasam.
…Meýdan güli,
Eýjejigim, ezizim,
Ýalñyz dogan ýaly mähriban-la sen!
Mämmetnazar BABANAZAROW. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.