|

Wepadarlyk / hekaýa

Wepadarlyk / hekaýa WEPADARLYK

Esli wagt bäri toýa garaşyp oturan adamlar: «Öwezdurdy agalar körpe çopan ogly Durdyny öýerýärmiş» diýlen habary eşidip, höwes bilen toýa bardylar. Kyýasguly aganyň sag egninde içi süňkli hamyr ýugrulýan ullakan çanak bardy. Ol gazandan çykarylan, daşy az­owlak etli süňklerden daş­töweregindäki oglanlara paýlaşdyryp durşuna, çagalaryň hezil edip süňk gemirişlerine özüniňem agzy suwaryp, süňkli çanaga nädip elini uzadanyny duýmady.
Toý şowhuny barha gyzyşdy. Pälwanlar orta çykyp, çägäniň üstünde göreş tutýardy­ lar. Ýaglyga towusýanlaryňam janköýerleri ýetikdi.Şolgün daň ýaňyatyberendedutaryň sesi galdy. Her kim öýli­öýüne dargaşdylar…
Daňbilenatly gelen arçyngaty aljyraňňy görünýärdi. Alňasap gelşine, ojagyň töwe­ reginde, «it­guş degmesin» diýip, aýlanyp ýören Öwezdurdy aga gözi düşdi­de, onuň ýanyna bardy. Durdynyň gyssagly geňeşlige barmalydygyny duýdurdy hem­de urşuň tu­ randygyny, asudaoturanhalkyňüstüne,faşist basybalyjylarynyň çozandyklaryny aýtdy.
Öwezdurdy aga dözmezlik bilen ýaş çatynjalaryň gapysyny kakdy. Gelni tisginip ýerinden galdy­da, bir salym diňşirgendi. Ümsümlik. Gapy wagtynda açylmansoň
Öwezdurdy aga ardynjyrap, ýene gapyny kakdy. Gelni Durdyny oýardy:
— Durdy, Durdy, gapy kakylýar.
— Allajanlarym, hernä eýgilikdir­dä?!
Durdy agraslyk bilen daş çykdy. Bir kakasyna, birem arçyn aga seredip durşuna, olaryň ýüzlerindäki gaýgy­hasratdan başga zat görmedi. Arçynyň gürrüňi gysga hem anyk boldy:
—Inim tizleş, bütin obanyň erkekleri oba geňeşligine üýşýärler, çaltlaşaweri!

* * *

Obanyň itleri ulagyň yzyndan ylgaşyp, tozan turuzyp, ala­goh bolup barýardylar. Durdy dagy barmaly ýerlerine baransoňlar egin­eşik, ýarag bilen üpjün etdiler hem­de şol berlen ýaraglary nähili we neneňsi ulanmalydygyny, ulanyş tilsimlerini gysga wagtyň içinde öwretdiler. Durdy çopançylyk edýän döwriawhemawlardy, ol mergendi. Birýerde ýekegapan barmyş diýseler, hökman Durdy­ nytapardylar. Ol ýyrtyjy haýwanlaryň, şol sanda ýekegapanyň­da iki gözüniň arasyndan, ýazzy maňlaýyndan çüýlemäni başarýardy. Şonuň üçin­de türgenleşikde Durdy ýaraga erk etmegi tiz ele aldy. Gysga wagtlyk türgenleşikden soň olary fronta sary ýolladylar. Ýaşlygyndan goýun sürüsiniň yzynda gezensoň, Durdy gijelerine biynjalyk bolup ýatardy. Sähelçe şygyrda derrew oýanardy. Şol günem serkerdäniň buýrugy boýunça söweşjeň ýigitlere dynç berildi. Durdynyň gözüne çiş kakylan ýalydy. Aýyň ýagtysyna öýlerine hat ýazdy. Hatly bukjany epläp jübüsine salany­da şoldy welin, çalaja çybşyldy eşidilen ýaly boldy. Durdy diňşirgendi. Ýoldaşlary süýji ukuda ýatyrdylar. Hüşgärligi elden bermän, ýene diňşirgendi. Soň gapdalyndaky äpet agaja dyrmaşyp çykyp, daş­töwerege esewan etdi. Onuň gözleri özlerine tarap bukdalaklap gelýän üç kişini saýgardy. Durdy agajyň üstünde oturan ýerinden olaryň ikisiniň janyny jähenneme ugratdy. Üçünjisi hem yzyna dönüp, agaçlaryň arasyna ýöneljek wagty ony­da atmaga ýetişdi. Ýarag sesine oýanan serkerdeleri nämäniň bolandygyny anyklap ýetişmänkä agaçdan böküp düşen Durda ýüzlendi: «Serkerdäňden rugsatsyz özbaşdak hereket etmeli däldigini bileňokmy?»
Durdy bolan wakany bolşy­bolşy ýaly gürrüň berdi. Bolan waka göz ýetiren serkerde ondan hoşal boldy. Şondan soň ony döwlet sylagy bilen sylaglamak boýunça ýolbaşçylarynyň adyna haýyşnama taýýarlady.

* * *

Durdynyň ýoldaşlarynyň arasyndan saýlanyp duran suratyny, döşündäki medalyny gören Öwezdurdy aga örän begendi, Durdynyň gelni Akjemalyň bolsa begençden ýaňa gözleri ýaşdan doldy.
Aýlar aýlanyp, ýyllar geçdi. Öňki gelýän hatlar selçeňläp ugrady.
Günlerde bir gün Akjemal erbet düýş gördi, düýşünde Durdyny haýsydyr bir hyrsyz kişiler tutup, ellerini daňyp, ata süýredip äkidýärmişler. Soňra ony eliniň daňylgylygyna gurruk guýa taşlaýarmyşlar. Akjemal tisginip oýandy. Gören düýşüni ýagşylyga ýordy. Bilenje dogalaryny okap, dileg etdi. Gelniniň düýş gören güni Durdy söweşde erbet ýaralanypdy…

* * *

Poçtalýona Öwezdurdy aga bilen Akjemal kän garaşdy. «Soňky döwürde hat gatnadýan oglan näme üçin biziň öýümize gelmeýärkä?» diýip, bir kiçijik çagadan gaýynatasyna soratdy.
—Gelin, hat gatnadýan oglanam biriniň maýyp çagasy, belki, ýaltanýandyr, belki­de, ýaraýan däldir. Az­owlak garaşyp göreli, bu gün gelmese erte geler, sabyr et!
Aradan birnäçeýyl geçdi. Köp garaşdyran ýeňiş gazanyldy. Goňşy­golam, tanyş­biliş, ýekeden, ikiden ýeňiş bilen gaýdyp gelip başladylar. Akjemal gelnejäniň hem gözi ýolda. Birden ýanýoldaşy Durdy ýylgyryp giräýjek ýaly, şol gapa seredip otyryşyna irkilýän pursatlary­da bolýardy. Birdenem tisginip oýanýar­da:
— Wah, men guraýyn, irkiläýipdirin­dä, belki, meni oýarmajak bolup, Durdy gapdalymdan geçen bolaýmasyn — diýip, içki otaglara aýlanyp çykardy. — «Men hökman ýeňiş bilen gelerin!» diýip, ol maňa söz berip­ dä. Duýdansyz geler, hökman geler.
Medallarynyň sanyny has­da köpeldip, ýeňiş bilen geler…
Akjemal gelnejäniň saçlary çalaryp, ilki daýza, soňra garryja ene boldy.
Akjemal ene: «Durdynyň eli­aýagy üşe­ ýän bolaýmasyn» diýip, jorap bilen ellik ördi, garaşdy…
Akjemal ene bir gün erbet nähoşlady. Goňşulary hassanyň ýagdaýyny soramaga geldiler. Hassanyň ýagdaýy öwerlikli däldi. Onuň naýynjar bakyşyna hiç kim düşünmedi.
Akjemal enäniň garşysynda bir gözi dogabitdi kör gaýynagasy­da bardy. Akjemal ene ýatan ýerinden çep eliniň iki barmajygyny gymyldadyp, alkymynyň aşagyndan gyňajynyň çowuny gözledi. Gaýynagasy muňa düşündi­de:
— Inimiň ojagyny öçürmän, sarpamyzy sakladyň! — diýdi.
— Men senden razy, sen türkmen zena­ nyna kybap gelýän häsiýetiňi şu çaka çenli sakladyň. Indi bir ýaşmagyňy aýraý, ine, ýaş­ magyň serpaýy uly hangyňaç.
Haçan­da gaýynagasy gyňajyny Akje­malyň eline gysdyranda ýatan hassa intizar gözlerini balkyldadyp gapa seretdi­de, uludan bir dem alyp, arkaýynlaşanýaly,Vgözlerini ýumup uka gitdi…

Meretgylyç ATABAÝEW. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle