Uzak gije
Uzak gije

Beýle-de bir uzak gije bolarmy,
Ilkagşam ýadyma çalaja düşýär.
Ýüregim çolardy, dünýäm çolardy,
Bu gije göýäki gutarmaz puşman.
Aň-hyýalym gurtlar bilen çeýneşen
Günlerini ýada salýan köpek deý
Irkilipdir
Maňa rehm eýle sen
Gaýratym, şuglaňy köňlüme sep-de.
Seniň bilen öwünmedim hiç haçan,
Şygrym, seni täze don deý geýmedim.
Şoň üçin ýaz gelip çilämi açar,
Ýöne häzir boşap galdym, neýleýin?!
Bu dünýede algymam ýok, arymam,
Bar gazabym boş galgaýan ganatda.
Umydym bar, sen gelersiň zaryma,
Zalym ajal demlerimi sanatsa.
Ak buludyň ýüzüp geçen asmany,
Ýaprak bolup, başa gonan güýzlerim.
Uzaklarda garyp galan dost ýaly,
Siziň bilen gussam, ünjüm, düýrmegim.
Gijäm, gara gijäm, harapmy halyň,
Takdyr dertli bilen dertlini goşýar.
Süýji düýşler ýaly, oglanlyk ýaly,
Ilkagşam ýadyma çalaja düşýär.
Mämmetnazar BABANAZAROW. Goşgular