Üç nama
Üç nama
■ Ýol aýdymy
Ýollaň azabyndan gorkmazym ýaly,
Maňa ýa dost gerek, ýa-da ýar gerek.
Bolmasa biderek azara galyp,
Kötelli ýollarda ýadaýar ýürek.
Hyýalymy alyslarda aparan,
Nirde sen gün-günden daşlaşýan ýarym?!
Kalbymda turýanam bolsa topalaň,
Meň ömrüm täzeden başlanýan ýaly.
■ Dert
Gaflata gark boldum, ýuwutdy zulmat,
Bu pidaýy uky ne kyn zat eken?!
Men şol pursat duýdum, bar zatdan gymmat,
Daşyň gurşap alan ýakyn-ýat eken.
Geregi ýok ýaly göreşmegiň-de,
Häzir uklasaň bes, emma, wah, emma…
Eziz ynsanlaryň göreçlerinden
Ýagtylyp başlaýar garalan dünýä.
■ Oýanmak
Ýaňyja turup otyryn,
Oýanyp ukudan häzir.
Hyýalda entek ýatyryn,
Endigimiň çekip näzin.
Diňe men şeýlemi, ýa-da
Şeýle bolýarmy hemmede?!
Şaýat bolýan täsin zada,
Million küý bar hum kellede.
Ýöne barysy ugursyz,
Pytraşyp ýatan boş peşeň.
Samsyk awçy deý ulumsy,
Oky nyşandan daş gaçan.
Men-ä gülüp başaramok,
Başarsaň-da gülme maňa.
Ýa men dünýä düşünemok,
Düşünenok dünýe maňa.
Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular