| | |

Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi

Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi TÜRKIÝELI ALYMYÑ TÜRKMEN EDEBIÝATY BARADAKY KITABY NEŞIR EDILDI

Türkiýeli alymyň türkmen edebiýaty baradaky kitaby neşir edildi

Golaýda Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde ýerleşýän «Spicawork» neşirýaty tarapyndan tanymal türk alymy, türkmen edebiýaty boýunça birnäçe ylmy eserleriň awtory, edebiýat ylymlarynyň doktory, dossent Ahmet Gökçimeniň «Çagdaş Türkmen Anlatısı», ýagny «Häzirki zaman türkmen kyssasy» atly ylmy işi 500 nusgada çap edildi.
Kitapda 20-nji asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri Nurmyrat Saryhanow, Ata Gowşudow, Berdi Kerbabaýew ýaly halypa ýazyjylarymyzdan başlap, häzirki wagtda berkarar döwletimiziň waspyny edip, ajaýyp eserleri bilen tanalan Türkmenistanyň halk ýazyjylary Osman Ödäýewiň, Nobatguly Rejepowyň, Gowşutgeldi Daňatarowyň hem-de Hydyr we Ylýas Amangeldiýewleriň, şeýle-de Kakamyrat Ataýewiň, Sylapberdi Muhamowyň powestleri we hekaýalary hakynda uly göwrümli makalalar bar.
Türkmen edebiýaty boýunça ýazan eserleri bilen daşary ýurtlarda hem giňden tanalýan alym Ahmet Gökçimen bize beren gürrüňinde Gruziýa döwletinde çap edilýän «Oriantal studies» žurnalynyň iýun aýyndaky sanynda «Türkmen kültüründe yedi, yedilemele» («Türkmen medeniýetinde täsin ýedilikler») atly uly makalasynyň, şeýle hem, şu ýylyň dowamynda Türkiýede türkmen şygryýeti we kyssa eserleri baradaky «Ana Çizgileriyle Türkmen Edebiyatı» («Türkmen edebiýatynyň esasy ugurlary») atly ylmy-derňew işiniň kitap bolup çykmagyna garaşýandygyny habar berdi. Edebiýat täzelikleri
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle