Täze tuýuglar
Täze tuýuglar

Adam edip, meni derde ýaradan,
Indem golda her bir ýerde Ýaradan.
Garasam, çar ýanym dostlam gülýärler,
A meň içim doly ganly ýaradan.
***
Diýdiler: sen ýolda, ýoluňa gara,
Käýdiler: hiç sürtme iliňe gara.
Arş-agla arz edip, arzy geçmedik,
Gahar edip gara diýýär ak gara.
***
Sabrym ýetmän garaşýaryn kä güne,
Seni tapman sataşýaryn nä güne?!
Ýene daňa çenli adyň pyşyrdap,
Seniň bilen ýetýän ýaly ak Güne.
***
Düşürýänçäň sözleň melegin ele,
Yhlas bilen sözleň elegin ele.
Bir paýhasly dana aýdan ekeni,
Rysk i:ner agzydan, ýetmese ele.
***
Mal bakan, ýer eken hem-de ýap gazan,
Ýagşy işde abraý alyp at gazan!
Her haçan dowzahy ýada salýandyr,
Haram gazanç bilen gaýnaýan gazan.
***
Ýazlar ýaýlalara ýazylan haly,
Güller ýaňagynyň düzülen haly.
Ýeller gam nemine ezilen wagty,
Ýar ýene gelmese, bozular haly.
***
Gybat gep ýaýradyp ýakyn-ýada sen,
Diliňi saýradyp ýörmüň ýa-da sen.
Ajap dynç alarsyň Sakar dowzahda,
Bu dünýäde gybat edip ýada sen.
***
Köpdür ýalançynyň hilesi, aly,
Yzyňdan galmaýan arwahy aly.
Gözlerini batyl edibem biler,
Haýat bakjasynyň gyrmyzy-aly.
***
Bag içinden parran geçýän salma bar,
Nar gülläp dur, getiripdir alma bar.
Ýar intizar suwly ýabyň boýunda,
Sabryny suw-sil eýleýip durma. Bar!
***
Tiziräk ugradyň ilime sary,
Gam-gussa çekmänä roýuma sary.
Sypyran dek mekgejöwen köýnegiň,
Bu gamly ýüregiň galmady sary
***
Gül ýüzüňi ezmän ajy gözýaşa,
Bir arzuwym gülüp-oýnap ýüz ýaşa.
Bir-ä ajal hemem söýgi gelende,
Seretmez ekeni garry hem ýaşa.
Sylapberdi MUHAMOW.
13.09.2024 Goşgular