|

Täze rubagylar

Täze rubagylar TÄZE RUBAGYLAR

Täze rubagylar

Dymýandygy üçin diýme «Gara ýer».
Gaýta näçe renjiň bolsa ýere ber.
Bereketli toprak beren zadyňy
Altyn eder, merjen eder zer eder.

***

Topragyňy suwar, depip-agdar, ek.
Gül ýetişdir, nahal oturt, bag döret.
Öwret ogullarňa bu ajap kesbi,
Ýagşylyk dowamat saklanjak döwlet.

***

Birsi gapdalyňda ýatsa hyk-çoklap,
Aýyp bolar gülüberseň jak-jaklap.
«Ýoldaşyň kör bolsa gözüň gyparak,»
Agsagyň ýanynda durma bökjekläp.

***

Depsem sarsdyrardym gaýa-dagyňny,
A, indi, ah çekýän aýgagyrly.
Bir dostum hem bu gün gülüp, şat bolup,
Tans edeli diýip toýa çagyrdy.

***

Ýas tutsaň daşyňy almasa hossar,
Toý etseň toýuňda bolmasa dost-ýar,
Muny öwüt bilme ýöne sen diňle
Bu altyn ömürler mis deýin poslar.

***

Peýdasy ýok eken belent boýlaryň,
Pes bolsa içdäki pikir-küýleriň,
Kimleriň arslan-şir ady bar, ýöne,
Itiň gapysynda ýör-dä aýlanyp.

***

Ýitirmejek bolgun sabyr-takady,
Hak başa inderse agyr apady.
Biabraý bolmak ölümden beter
Diýip gözýaş etdi gyzyň agasy.

***

Maşgalasyn taşlap, aýnap, mes bolup,
Öz göwnüni hoşlap, pula beslenip,
Indi ömri geçip barýar bimany,
Ýata suwdan çykýan warryk ses bolup.

***

Büdreseňiz, aýak çekip bir salym,
Yza bakyp, yzyňyza ser salyň.
Ýalňyşlyklar sizi kejikdirmesin,
Gaýta ondan ybrat alyň, ders alyň.

***
Goşgym gowşak, pikirlerim pes häli,
Ýöne ýürek arzuwlaýar asmany,
Meň ganat ýaýjgyma ynanmadyklar,
Boldy gowşak pikirlermiň gassaby.

***

Dabanyma darka çümen çüý ýaly
Bu kellede bähbit aran küý doly.
Il derdine çapsak özümiz undup,
Diňe bir il üçin bolmaz peýdaly.

***

Ýüzlerem, kalplaram nur dek, ýazyna,
Köller hem guwanýar ördek-gazyna.
Köňlümiň kölünden uçdy bir gazym,
Indi, gam düşüp ýör mar dek, yzyma.

***

Ýöräp däl-de, ýeriň üstünden göýä,
Gaýyp gelýän ýaly, göterlip howa.
Sessiz gadamlaňdan aşyk ýüregim,
Älemi sarsdyryp, edip dur gowga.

***

Ýar wysaly dilim baglap, lal eden,
Derde saldy, kem galmadym däliden.
Ýarym ýitirenme üç müçe boldy,
Ýöne wagtam güýçli lukman däl eken.

***

Gynanan ýerimde maňa sen gerek,
Begenen günümde ýene sen gerek,
Bir zada düşündim şu ýaşa gelip,
Maňa her demimde diňe sen gerek.

***

Düýedenem uly pil bar ekeni,
Ony menden öňňe bilýär ekeni.
Pili düýäň gapdalynda görmedik,
Mydam düýä sežde kylýar ekeni.

***

Şeýtanyň uzadan miwesi ýaly,
Owadandy onuň hilesi-aly.
Şondan bärik bokurdagy ynsanyň,
Tümmerip dur ogryň kisesi ýaly.

Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle