Syrgyn (Hekaýa)

Syrgyn (Hekaýa)

Aleksandr PUŞKIN,
rus ýazyjysy

Basgylap galyň gary,

Atlar dabyrap barýar…

Çetdäki ybadathana

Ýeke ýalňyz görünýär.

…………………………….

Birdenkä syrgyn synap,

Gar petde-petde gaçdy.

Arabaň üstünde garganyň,

Pelpelleýäni eşidildi.

Atlar bolsa gyssanýar,

Ýallaryny ykjadyp.

Şumlugy duýýan ýaly,

Alyslara seredip…
Žukowskiý

1811-nji ýylyň ahyrlary, şol ýatdan çykmajak ýyllar, Nenaradow obasynda Gawrila Gawrilowiç diýen bir oňat adam ýaşaýardy. Güler ýüzlüligi hemem myhmansöýerligi sebäpli, ony bu jelegaýda tanamaýan ýokdy. Goňşy-golamlary oturyşyp-turmak ýa-da wagtlaryny şadyýan geçirmek üçin häli-şindi onuňka myhmançylyga barardylar, käbirleri bolsa onuň gyzy — syratly, akýagyz, on ýedi ýaşly Marýa Gawrilownany görmek üçin gelerdi. Ony baý ýeriň maşgalasy hasaplardylar, şonuň üçinem synlamaga gelenler ony ýa özüne ýa-da ogluna alyp bermek isleýärdi.

Marýa Gawrilowna fransuz eserlerini köp okardy, şonuň üçinem aşyklyk heserine düşjekligi tebigy zat. Onuň saýlap tutan ýigidi goşun gullugynyň garyp praporşigidi. Ol häzir dynç alyş rugsadyna çykyp, obada gezip ýördi. Ýaş ýigidiň hem ol gyzyň ugrunda ser-sepil boljakdygy, elbetde, düşnükli zat. Olaryň bir-birine meýliniň bardygyny bilen ene-atalar ony dünýäniň iň ýaramaz giýewsi hasaplap, gyzlaryna o hakda pikir etmegi hem gadagan etdiler.

Biziň aşyk-magşuklarymyz biri-birine hat ýazyp, günüň-gününe ýa tokaýda, ýa-da köne ybadathanada duşuşardylar. Olar duşuşyk wagty biri-birine ömürlik söýgi wada berselerem, takdyrlaryndan närazy bolup, pynhan arzuwlar ederdiler. Ine, şeýle günleriň birinde (munuň boljakdygy tebigy zat) olaryň kellesine bir pikir geldi: eger bu dünýede birek-bireksiz ýaşap bilmesek, doňýürek ene-atalarymyzam biziň biri-birimize gowuşmagymyzy islemese, näme üçin biz öz aladamyzy özümiz etmeli däl? Elbetde, bu pikir ilki bilen ýaş ýigidiň kellesine geldi hemem arzuw hyýallara huşuny aldyran Marýa Gawrilownanyň göwnünden turdy.

Gyşyň gelip ýetmegi bilen duşuşyklar kiparlady, ýöne hat alyşmak öňki depginde dowam edýärdi. Wladimir Nikolaýewiç her hatynda: «Gizlinlikde nikalaşyp, birsalym ene-ataň gözüne görünmän ýaşaly, soňra baryp aýaklaryna ýykylarys, elbetde, olaň gahary geler, ýöne öz çagasydyr, günämizi geçerler» diýip ýalbarýardy.

Marýa Gawrilowna gaty kän ikirjiňlendi. Ol bu teklipden ençeme gezek boýun gaçyrsa-da, ahyry razylaşdy: gyz belleşilen gün agşamlyk naharyny iýmeli däl-de, kellesi agyrýar bahanasy bilen öz otagyna barmaly. Hyzmatkär gyz bu dildüwşükden habarlydy. Olaryň ikisem yzky gapy bilen baga çykyp, garaşyp duran gar arabasyna münmeli-de, Nenaradowdan 50 çakrym uzaklykda ýerleşýän Žadrin obasynyň ybadathanasyna barmaly, ol ýerde bolsa bulara Wladimir garaşmalydy.

Wadaly günüň öňüsyrasy, Marýa Gawrilowna uzakly gije ýatmady; egin-eşiklerini epleşdirdi, gerekli zatlaryny jemledi, öz jorasyna hemem ene-atasyna uzyn hat ýazdy. Ol duýgularyna bäs gelip bilmän eden işi üçin, olardan ýalbaryp-ýalbaryp ötünç sorady hemem mähriban ene-atasynyň günäsini geçen güni özüni dünýäniň iň bagtly adamy hasaplajagyny aýtdy. Ol iki hatam möhürländen soň, daňyň öňýany düşegine girip uka gitdi, ýöne gorkunç pikirler ony minutsaýyn oýarýardy: göwnüne bolmasa, nikalaşmak üçin gar arabasyna münen pursady ony kakasy saklap, zorluk bilen garyň üstünden süýreýär-de, düýpsüz, garaňky gurruga oklaýar… gyz aşak gaçyp barşyna ýüregi ýarylan ýaly bolup oýanýar; käwagt bolsa ol otuň üstünde gana boýalyp ýatan, solgun ýüzli Wladimiri görýär. Ol bolsa ölümiň öňýanynda gulagyňy deşip gelýän aýylganç sesi bilen «Nikalaşaly» diýip ýalbarýar… şular ýaly ýakymsyz, manysyz düýşler hatar-hatar bolup, onuň aňyndan geçýärdi. Ahyrsoňy ol oýandy, biynjalyk ýatany üçin, çalaja kellesi agyrýardy. Ene-atasy onuň bir aladasynyň bardygyny duýup, sorag yzyna sorag berip ugrady: «Näme bolýar, Maşa? Dümewläp dagy eden-ä dälsiň, gyzym?» diýip aýdylýan sözler onuň ýüregini gyýym-gyýym etdi. Ol ene-atasyny köşeşdirjek bolup, şadyýan görünjek bolýardy, ýöne başa baranokdy. Agşam düşdi. «Maşgalamyň arasynda soňky gün ýaşaýan» diýen pikiri onuň ýüregini mynçgalady. Ol örän gamgyndy, şonuň üçinem hyýalynda ähli kişi bilen, daş-töweregindäki ähli zatlar bilen hoşlaşdy.

Agşam saçagyny ýazdylar, gyzyň ýüregi hasam gürsüldäp ugrady. Ol sandyraýan sesi bilen nahar iýesiniň gelmeýändigini aýtdy hemem ene-atasy bilen hoşlaşmaga durdy. Olar gyzlaryny ogşap, adatdakylary ýaly pata beren mahaly, Maşa tasdanam aglapdy. Ol otagyna gelip, kürsiň üstüne geçdi-de, gözýaş döküp ugrady. Hyzmatkär gyz oňa köşeşmegi hem-de özüni ele almagy tabşyrdy. Ähli zat taýyndy. Ýene ýarym sagatdan Maşa ene-atasynyň öýüni, öz otagyny, asuda gyzlyk durmuşyny hemişelik terk eder…

Daşarda syrgyn syraýardy; şemal şuwlap, penjireleň gabsasy şakyrdaýardy; göwnüne bolmasa, ähli zat gyza haýbat atýan ýaly bolup göründi. Bahym öýdäkileriň sesi ýatyşdy, hemmeler uka gitdi. Maşa daşky eşiklerini geýip, ýaglygyny kellesine atdy-da, eline şaý-sepli gutujygyny alyp, yzky gapydan çykdy. Hyzmatkär gyz hem iki sany düwünçegi alyp, daşaryk çykdy. Olar bagda duşuşdylar. Syrgyn köşeşmändi; şemal, hamala, ýaşajyk jenaýatçyny saklajak bolýan ýaly, garşydan öwüsýärdi. Olar zordan bagyň gutarýan ýerine bardylar. Köçede gar arabasy garaşýardy. Atlar üşänligi sebäpli bir ýerde duranokdy; paýtunçy arabanyň öňüne geçip, atlary köşeşdirjek bolýardy. Ol gyzdyr hyzmatkäre münmäge kömek edip, gapyrjakdyr düwünçekleri ýerleşdirdi, soňra jylawy silkip goýberdi-de, atlaryna gamçy çaldy. Geliň indi gyzyň ykbalyny paýtunçy Tereşka tabşyryp, öýlenjek ýigit barada söhbet edeliň.

Wladimir uzakly gününi menzilde geçirdi. Ol ir bilen žadrinli ruhanyňka bardy hemem ony zoraýakdan diýen ýaly razy etdi. Soňra ol goňşy mülkdarlardan şaýatlaryň gözlegine çykdy. Onuň ilkinji ýüz tutan adamsy kyrk ýaşly, dynç alşa çykan kornet (Kornet — atly goşunyň ilkinji serkerdelik çini hem şol çinli adam.) Drawindi, ol muňa höwes bilen razy boldy. «Bu waka maňa öňki döwürleri hemem gusarlaryň (Gusar — atly goşunyň esgeri.) garagollugyny ýatladýar» diýip, ol aýdýardy. Drawin beýleki iki şaýady özüniň tapyp berjegini aýdyp, Wladimiri öýüne öýlänlik edinmäge çagyrdy. Dogrudanam, bärik öýle naharyndan soň, murtlak, aýagy nallanan ädikli ýer ölçeýji Şmit bilen on alty ýaşly, ýaňy-ýakynda atly goşunda gulluga duran, polisiýanyň uýezd başlygynyň ogly geldi. Olar Wladimiriň teklibini diňe bir kabul etmek bilen çäklenmän, eýsem, gerek bolsa onuň üçin janlaryny gurban etjekdiklerine ant içdiler. Wladimir olaryň ikisinem uly şatlyk bilen gujaklady-da, taýynlyk görmek üçin öýüne gaýtdy.

Daşary birwagt garaňkyrapdy. Ol özüniň wepaly Tereşkasyna tabşyryk baryny berdi-de, ony üç at goşulan paýtun bilen Nenaradowa iberdi. Ol özi üçin kiçiräk gar arabasyna ýekeje at goşdy-da, bir özi Žadrine tarap ugrady; ol ýere ýene iki sagatdan Marýa Gawrilowna barmalydy. Ýollar tanyşdy, ol bary-ýogy ýigrimi minut ýörese oba ýetjekdi.

Ýöne Wladimir obanyň çetine çykan badyna güýçli şemal öwsüp, şeýlebir syrgyn syrady welin, daş-töwerek saýgarar ýaly bolman, bir minudyň içinde ähli zat bulam-bujar boldy; gar petdelerinden, syrgynyň derdinden hiç zat görünmän, ýer bilen gök tapyşan ýaly boldy. Wladimir ýolundan azaşdy hemem ony tapjak bolup, biderek özüni köseýärdi. At janawar töwekgellik edip ýoluny dowam edýänem bolsa, ýa gar üýşmegine baryp urýardy, ýa-da çukura gaçýardy; gar arabasy bolsa minutsaýyn agdarylýardy. Şeýle-de bolsa Wladimir barýan ugruny sypdyrmajak bolup jan edýärdi. Ýöne eýýäm ýarym sagat gowrak wagt geçenem bolsa, ol obanyň golaýyndaky tokaýa baryp ýetmändi. Ýene on minut töweregi wagt geçdi, tokaý henizem görnenokdy. Wladimir beýikli-pesli, çuň jarly meýdanyň içi bilen barýardy. Syrgyn köşeşmändi, asman henizem görnenokdy. Käwagtlar gar guşaklygyňa ýetýänem bolsa, at janawar ýadap garasuw bolupdy.

Ahyry ol ters ugra barýandygyny bildi. Wladimir saklandy, bolup geçen zatlary aňynda aýlap, saga gitse dogry boljagyna ynandy-da, şo tarapa ýöneldi. Onuň ýola çykanyna eýýäm bir sagat gowrak wagt bolupdy, indi oba uzakda bolmaly däldi, ýöne her näçe ýörese-de, agaryp ýatan meýdanyň soňuna çykyp bilmedi. Öňde ýa jar, ýa-da gar üýşmekleri bardy. Her gezek gar arabasy agdarylanda, ol ony beýlesine öwürmeli bolýardy. Wagt geçýärdi, Wladimir gaty alada edip ugrady.

Ahyry gapdaldan bir zat garalyp göründi. Wladimir atyny şo tarapa sürdi hemem golaýlan wagty onuň jeňňeldigini gördi. «Hudaýa şükür, indi ýakynlaşdyk» diýip, ol pikirlendi. Ol «Tanyş ýola düşerin ýa-da aýlanyp geçerin» diýen pikir bilen, jeňňeliň gyrasyndan gitdi; oba jeňňeliň aňyrsynda bolmalydy. Bahym ol ýol tapyp, garaňky tokaýa girdi. Agaçlar ýapragyny döküpdi, şeýle-de bolsa aýylganç şemal bärde öz hökümini ýöredip bilenokdy. Ýollar tekizdi. At özüne geldi, Wladimir bolsa köşeşdi.

Ýöne her näçe ýörese-de, oba görünmedi; ol hiç jeňňeliň aňyrsyna çykyp bilmedi. Nätanyş tokaýa düşendigini görüp, Wladimiri elhenç gorky gurşap aldy. Ol ruhdan düşüp, atyny gamça basdy. Janawara degilmedik bolsa, şol bir gorgunyna gitjekdi, ýöne bahym ýadap, Wladimir görgüli näçe jan etse-de, çärýek sagatdan mytdyldap ugrady.

Kem-kemden agaçlar seýrekläp, Wladimir tokaýdan çykdy, ýöne oba görnenokdy. Wagt ýarygijä golaýlan bolsa gerek. Ýigidiň gözlerinden gözýaşlary syrygýardy. Ol bagta töwekgellik edip, ýoluny dowam etdi. Syrgyn köşeşip, bulutlar syryldy. Onuň öňünde ak haly düşelen ýaly düzlük ýaýlyp ýatyrdy. Gije Aý aýdyňdy. Wladimir ýakynda dört-bäş öýli bir obajygyň bardygyny görüp, şol ýere bakan ýöneldi. Ol birinji öýüň deňine ýetip, arabadan böküp düşdi-de, penjiräň öňüne baryp, kakmaga durdy. Birnäçe minutdan agaç gabsa galdy hemem ondan bir garry çal sakgalyny çykardy.

— Saňa näme gerek?

— Žardin obasy uzakdamyka?

— Žardin uzakdamy diýýäňmi?

— Hawa, hawa! Uzakdamy?

— Gaty uzakda däl, on çakrym dagy bar.

Bu jogapdan soň Wladimir saçyny penjeledi-de, edil ölüme höküm edilen ýaly doňup galdy.

— Sen şo ýerlimi? — diýip, garry dowam etdi.

Wladimir onuň soragyna jogap beresi gelmedi.

— Žardine ýeter ýaly at tapyp bilmezmiň? — diýip, Wladimir sorady.

— Bärde at näme işlesin — diýip, garry jogap berdi.

— Bolmanda ýolbelet tapyp ber, onuň islän puluny bereýin.

— Dur! — diýip, garry gabsany düşürip durşuna aýtdy, — ýanyňa oglumy goşaýyn, ol saňa ýol görkezer.

Wladimir birsalym garaşdy. Ýöne bir minut geçip-geçmänkä, ýene kakmaga durdy. Gabsa galyp, garrynyň sakgaly göründi.

— Saňa näme gerek?

— Hany, ogluň nirede?

— Häzir çykýar, aýakgabyny geýip dur. Görýän welin, gaty üşäpsiň öýdýän, öýe gir-de ýylan!

— Sag bol, çaltrak ogluňy iberseň bolýar.

Derweze jygyldady, bir ýigit eli taýakly çykdy-da, ýol görkezmek üçin öňden ýöräp ugrady.

— Sagat näçe boldy? — diýip, Wladimir sorady.

— Bahym daň atmaly — diýip, ýaş ýigit jogap berdi.

Wladimiriň gaýdyp gürläsi gelmedi. Olar Žardine gelip ýetenlerinde, daň agaryp, horazlar gygyrypdy. Ybadathana ýapykdy. Wladimir ýolbelet bilen haklaşyp, ruhanyň howlusyna tarap ýöneldi. Howluda onuň üç at goşulan gar arabasy ýokdy. Hany göreliň, indi oňa nähili wakalar garaşýarka?!

Geliň indi nenaradowly mülkdarlarymyza dolanyp baralyň-da, olaryň öýünde nämeleriň bolýandygyny bileliň.

Ýöne bärde üýtgeşik zat bolanokdy.

Garrylar oýanyp, myhman otagyna geçipdi. Gawrila Gawrilowiçiň kellesinde şyrdagy, egninde keltekçesi bardy, Praskowýa Petrowna bolsa öý geýimindedi. Çaý getirdiler, onsoň Gawrila Gawrilowiç hyzmatkär gyzy Marýa Gawrilownaň yzyndan iberdi hem-de agşam nähili ýatandygyny, saglygynyň nähilidigini soramagy tabşyrdy. Hyzmatkär gyz yzyna dolanyp geldi-de, hanymyň agşam biynjalyk ýatandygyny, ýöne häzir gowulaşandygyny hemem bahym myhman otagyna geljekdigini aýtdy. Dogrudanam, gapy açyldy-da, Marýa Gawrilowna girip, ene-atasy bilen salamlaşdy.

— Ýeri, kelle agyryň nätdi, Maşa? — diýip, Gawrila Gawrilowiç sorady.

— Gowulaşdy, kaka — diýip, Maşa jogap berdi.

— Sen düýn, dogrudanam, biynjalyk ýatana meňzeýäň — diýip, Praskowýa Petrowna hem aýtdy.

— Ähtimal, eje jan — diýip, Maşa jogap berdi.

Ol gün sag-salamat geçdi, ýöne agşamara Maşa näsaglady. Şähere tebibiň yzyndan adam iberdiler. Ol gijäniň bir wagty — näsag gyzdyryp, samrap ýatyrka geldi. Biçäre gyz erbet ýaraman, diňe iki hepdeden soň bäri bakyp ugrady.

Öýdäkileriň hiç biri bolan waka barada bilenokdy. Şol günüň öňküsi gün ýazylan hatlar ýakylypdy. Özünden gorkusyna, hyzmatçy gyz bolan wakany hiç kime aýtmandy. Ruhana, dynç alşa çykan Drawina, murtly ýer ölçeýjä hemem atly goşunyň ýigdekçesine ýöne ýere asylly adamlar diýenokdylar. Paýtunçy Tereşka barada aýdylanda bolsa, ol hatda keýpi kök wagty hem artykmaç ýaňramazdy. Şeýlelikde, bu bolan zatlar alty sany adamyň arasynda syr bolup galdy.

Ýöne Marýa Gawrilowna gyzdyryp, samrap ýatyrka, bu syry açdy oturyberdi. Ýöne onuň aýdýan zatlary şeýlebir düşnüksizdi welin, hassanyň başyndan galman oturan ejesi diňe şu zatlara, ýagny gyzynyň Wladimir Nikolaýewiçe çyn ýürekden aşyk bolandygyna düşündi hemem bu keseliň gözbaşyny şu zatlardan gördi. Praskowýa Petrowna adamsy hemem käbir goňşulary bilen maslahatlaşdy-da, «Aý, näme, Marýa Gawrilownaň takdyry şeýledir-dä, maňlaýyňdan çyksa nätjek, garyplyk aýyp däl, adam bolsa bolýar» diýip, biragyzdan toý tutmagy makul bildiler. Özüni aklamak üçin ýeterlik derejede söz tapmadyk ýagdaýyňda, şular ýaly nakyllardan ugur almak adamlar üçin amatly bolsa gerek.

Kem-kemden hanym bäri bakyp ugrady. Wladimir Nikolaýewiç Nenaradow obasynda köp wagt bäri görnenokdy. Yzyndan adam iberip, «Bu nika razymy?» diýip duýdansyz soranlarynda, ol gaty gorkdy. Şonuň üçinem çakylyklaryna jogap hatyny alan nenaradly mülkdarlaryň nähili geň galandyklaryny özüňiz göz öňüne getiriň. Ol öz hatynda: «Gaýdyp hiç wagt bu oba gelmejekdigini, bagtygara ýigidi unutmalydyklaryny, özüne ölümden başga hiç zadyň galmandygyny» aýdýardy. Şondan soň olar birnäçe günden Wladimiriň goşun gullugyna gidendigini bilip galdylar. Bu waka 1812-nji ýylda bolup geçdi.

Bu zatlary köp wagtlap ýaňy özüni tutup ugran Maşa aýtmadylar. Onuň özem hiç wagt Wladimir barada dil ýarmady. Aradan birnäçe aý geçenden soň, Borodiniň eteginde bolan söweşde, uruşda özüni görkezip agyr ýaralanan esgerleriň arasyndan onuňam adyny okanda, gyz özünden gidip ýykyldy. «Ol täzeden kesellär» diýip gaty gorkdular, ýöne Hudaýa şükür, hiç zat bolmady.

Ýöne Marýa Gawrilowna başga bir gaýgy-hasrata sezewar boldy: gyzyna ähli mirasyny goýup, Gawrila Gawrilowiç dünýäden ötdi. Emma birgiden baýlyk gyza teselli berenokdy; ol ejesi görgüli bilen derdini paýlaşyp, göwünlik berdi; şondan soň olaryň ikisem gaýgyly ýatlamalarynyň ýeri bolan Nenaradow obasyny terk etdiler-de, başga ýerdäki mülklerine gitdiler.

Bu ýerde-de eýjejik, baý maşgala boý ýigitler göz gyzdyryp seredýärdi, ýöne gyz hiç kimde azajygam bolsa umyt döredenokdy. Ejesi käwagt oňa ýanýoldaş tapynmagy ündärdi, ýöne Marýa Gawrilowna kellesini ýaýkardy-da, öz pikirlerine gümra bolardy. Wladimir eýýäm ýokdy, ol Moskwada, fransuzlaryň şähere girmeziniň öňýany ýogalypdy. Ony ýatladýan zatlar Maşa üçin örän mukaddesdi. Maşa o zatlaryň ählisini — heniz okap ýetişmedik kitaplaryny, onuň suratlaryny, özi üçin ýazan aýdymdyr goşgularyny aýawly saklaýardy. Goňşulary bolan ýagdaýy bilip, onuň wepalylygyna haýran galýardylar hemem bu päkize gyzy bagtly etjek gahrymana sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.

Bu zatlara garamazdan, uruş sag-aman tamamlandy. Goşunlarymyz öýlerine tarap ýöneldi. Adamlar garşy almak üçin çykdylar. Saz çalnyp, ýeňiş aýdymlary aýdyldy. Heniz ýigdekçekä ýörişe giden ofiserler jahyl çykyp, döşleri haçly dolanyp gelýärdi. Esgerler nemes we fransuz dillerinde bir-birine habar gatyp, özara şatlykly gürleşýärdiler. Bu ýatdan çykmajak pursatlardy! Häzir şatlygyň hemem şöhratyň wagtydy! «Watan» sözüni eşiden rus ýürekleri gürsüldäp urýardy. Duşuşygyň gözýaşlary, gör, nähili süýjüdi! Halkyň watana bolan buýsanjynyň hemem hökümdara bolan söýgüsiniň nähili uludygyny şu zatlaryň üsti bilen bilip bolýardy! Bu hiç wagt ýatdan çykmajak pursatlardy!

Ine, şu pursatlar rus aýallaryna taý geljek zenan tapylmaz. Olaryň adaty sowuk-salalygy ýitirim bolar. Olar öz ýeňijilerini uçaýjak bolup garşy alarlar-da, «Watana şöhrat!» diýip, ýaglyklaryny asmana zyňarlar.

Aýallary üçin iň gymmatly sowgadyň özleridigini şol döwrüň ofiserleri bilýärdi.

Bu şatlykly pursatlar Marýa Gawrilowna öz ejesi bilen guberniýalaň birinde ýaşaýardy hemem paýtagtdakylaryň nähili şatlanýandygyndan bihabardy. Ýöne uýezddir obalarda-da adamlaryň toý tutýan bolmagy ahmal, sebäbi bärde ofiserleriň görünmegi olar üçin uly baýramdy.

Marýa Gawrilownanyň perwaýsyzlygyna garamazdan, onuň daşynda henizem ýigitleriň perwaz urýandygyny öň aýdyp geçipdik. Ýöne ýerli aýallaryň taryp edişi ýaly, görmegeý, ak ýüzli, ýakasy Georgiý nyşanly, atly goşunyň polkownigi, ýaraly Burmin öz mülküne dolanyp gelende, hemme kişi gyzdan el çekmeli boldy. Ýigidiň, takmynan, ýigrimi alty ýaşy bardy. Ol Marýa Gawrilownalar bilen goňşuçylykdaky mülküne dynç almaga gelipdi. Marýa Gawrilowna ony beýleki adamlardan tapawutlandyrýardy. Ol ýanyndaka oý-pikirlerinden açylyp janlanardy. Onuň hereketlerini näz-kereşme diýib-ä aýdyp bolmaz, ýöne şahyryň sözleri bilen aýtsak:

Se amor non e she dungue?.. (Eger bu söýgi bolmasa, onda näme?.. (ital.).)

Burmin, hakykatdanam, örän mylakatly ýigitdi. Onda hut aýallaryň gowy görýän häsiýetleri bardy: sypaýydy, synçydy, talapkär däldi hemem gaýgy-gamsyz diýilýän ýigitleriň hilindendi. Ol Marýa Gawrilownanyň ýanynda özüni arkaýyn, sadaja alyp barardy, gyz her näme diýse-de ýa-da etmesiz bir zady etse-de, gaňryşyna gaýtmazdy. Umuman, onuň yzynda janserekdigi bildirýärdi. Ol ümsüm, kiçigöwünli ýigitdi, ýöne birwagtlar gaty jalaý bolanlygy barada gep-gürrüňler bardy. (Umuman, ähli ýaş zenanlar ýaly), Marýa Gawrilownanyň pikiri boýunça, birwagtky bolan zatlar ýigidiň mertebesini pese gaçyranokdy.

Ýöne ähli zatdan beter… (mähirliliginden, ýakymly sözleýşinden, özüne çekijiliginden) ýaş gusaryň dymmagy gyzy öjükdirip, bilesigelijiligini artdyrýardy. Gyz özüniň oňa ýaraýandygyna ýa ýaramaýandygyna hiç akyl ýetirip bilenokdy. Gyzyň hereketlerinden, elbetde, ýigit özüniň oňa ýaraýandygyna düşünendir, beýle bolsa näme üçin ol gyzyň aýagyna ýykylyp, söýgi sözlerini aýtmaýar? Ony näme saklaýar? Hakyky söýgä bolan gorkaklykmy, tekepbirlikmi ýa-da köpügören ýigidiň sabyrlylygymy? Bu onuň üçin tapmaçady. Ol bu barada gowy pikirlenenden soň, «Bu zatlaryň ýeketäk sebäbi gorkaklyk» diýip düşündi-de, ýigide köpräk üns berip, ruhlandyrmak isledi. Ol duşuşyklarda duýdansyz ýagdaýlar döredip, söýgi sözleriniň aýdyljak pursatlaryna garaşdy. Bular ýaly syrly pursatlar zenan ýüregi üçin diýseň jebirlidi.

Gyzyň hereketleri ahyry üstünlik getirdi: Burminiň gyz barada pikir edýändigi belli boldy. Marýa Gawrilownany görende onuň gözleri şeýlebir ýaldyrardy welin, aýgytly pursadyň ýakynlaşandygy bildirýärdi. Goňşular iş bitdi hasap edip, toýuň gürrüňini edýärdiler, Praskowýa Petrowna bolsa gyzynyň ahyrsoňy özüne mynasyp ýigit tapandygyna begenýärdi.

Bir gezek garrynyň ýeke özi karta güýmenip otyrka, Burmin otaga girdi-de, Marýa Gawrilownany sorady.

— Ol bagda — diýip, garry jogap berdi. — Siz baryberiň, men bärde garaşaryn.

Burmin gitdi, garry bolsa çokundy-da: «Bu gün işleň birýüzli bolmagy ahmal» diýip oýlandy.

Burmin Marýa Gawrilownany howdanyň ýanyndan tapdy. Gyz ak geýnip, hakyky romanlardaky ýaly eline kitap alyp, söwüdiň aşagynda otyrdy. Marýa Gawrilowna gürrüňdeşini aljyraňňylyga salmak üçin, sorag berlende bilgeşleýin gürleşmekden ýüz öwürdi. Bu ýagdaýdan bolsa diňe gutarnykly düşünişmek arkaly çykyp bolýardy. Şeýle-de boldy: Burmin işiň jygba-jyga gelendigini aňyp, gyza birwagtdan bäri ýüregini açmak üçin amatly pursat arap ýörendigini, şonuň üçinem bir minut özüni diňlemegi talap etdi. Marýa Gawrilowna razylygyň alamaty hökmünde kitaby ýapdy-da, aşak garady.

— Men sizi söýýän, sizi janym bilen söýýän… — diýip, Burmin aýtdy. Marýa Gawrilowna gyzardy-da, ýüzüni hasam aşak egdi.

— Men öz duýgularyma bäs gelip bilmän, siziň ýanyňyza kän geldim hemem seresaplylygy elden berdim…

Marýa Gawrilowna onuň ýazan birinji hatyny ýatlady.

— Indi ykbalymyň tersine gitmek meň üçin giç. Sizi, siziň mylaýym, ajaýyp keşbiňizi ýatlamak indiden beýläk meň üçin şatlyga, şol bir wagtyň özünde bolsa jebri-jepa öwrüler, sebäbi men size bir elhenç syry äşgär edip, ikimiziň aramyza ömürlik serhet çekesim gelýär…

— Ol serhet hemişe-de bardy, men hiç haçanam siziň aýalyňyz bolup bilmezdim — diýip, Marýa Gawrilowna çaltlyk bilen onuň sözüni böldi.

— Bilýän — diýip, ýigit ýuwaşja gürledi. — Siziň birwagt aşyk bolanyňyzam, ol ýigidiň uruşda wepat bolanynam, ondan bäri üç ýylyň geçeninem bilýän… Mähriban Marýa Gawrilowna, men sizi söýýän. Meni bagtly edip biljegiňiz baradaky pikirler… Gürlemäň, taňrynyň haky üçin, gürlemäň, siz maňa şeýle-de ezýet berýäňiz. Hawa, bilýän, siziň maňa göwün bereniňizem bilýän, ýöne düşüniň, dünýäde meniň ýaly betbagt adam ýokdur… sebäbi… meň aýalym bar!

Marýa Gawrilowna geň galyp, oňa seretdi.

— Meň aýalym bar — diýip, Burmin dowam etdi, — meň nikalaşanyma eýýäm dört ýyl boldy, ýöne men aýalymyň kimdiginem, niredediginem, onuň bilen gaýdyp görüşjegimi-görüşmejegimem bilemok!

— Siziň aýdýanyňyz näme — diýip, Marýa Gawrilowna gygyrdy — bu nähili beýle bolýar?! Siz dowam ediberiň, men soň aýdaryn… ýöne merhemet ediň-de, yzyny aýdyň.

— 1812-nji ýylyň başydy — diýip, Burmin gürrüňe başlady. — Men Wilnä, polkumyzyň duran ýerine howlugýardym. Bir gün gijagşam menzile gelip, gyssagly atlary taýynlamagy tabşyrdym. Ýöne birden güýçli şemal öwsüp, syrgyn syrady, onsoň gözegçidir paýtunçym garaşmagy maslahat berdi. Olara gulak asdym, ýöne meni düşnüksiz bir duýgy biynjalyk edýärdi; göwnüme bolmasa, biri çagyrýan ýalydy. Syrgyn köşeşenokdy; men durup bilmän atlary taýynlamagy hemem ýola düşmegi buýurdym. Paýtunçylar derýanyň içi bilen gitmegi makul bildi, bu biziň üç çakrym ýolumyzy gysgaldýardy. Kenar ýakalaryny gar basypdy. Paýtunçy ýola çykan ýeriniň duşundan geçen eken, şeýlelik bilen, biz nätanyş ýerde peýda bolduk. Syrgyn syraýardy; men bir yşyk görüp, şo ýere sürmegi buýurdym. Biz bir oba geldik; obanyň ybadathanasynda yşyk bardy. Ybadathananyň gapysy açykdy, haýadyň aňry ýanynda birnäçe gar arabasy durdy; ybadathananyň eýwanyndaky adamlar gaýda-gaýmalaşykdy.

— Bärik! Bärik! — diýip, birnäçe adam birden gygyrdy.

Men paýtunça o ýere barmagy buýurdym.

— Bagyşlaň, ýöne siz nirede bolduňyz? — diýip, olaryň biri sorady. — Gelin özünden gidip ýatyr, ruhany näme etjegini bilenok, biz bolsa yzymyza gaýtjak bolup durus. Hany, çaltrak gelseňizläň.

Men arabadan böküp düşdüm-de, sesimi-üýnümi çykarman ybadathana girdim, onuň içinde iki-üç sany şem ýanyp, zordan ýagty düşýärdi. Gyz ybadathananyň garaňky burçundaky oturgyçda otyrdy, beýleki gyz onuň endamyny owkalaýardy.

— Hudaýa şükür, ahyrsoňy geldiňiz, hanym tas heläk bolupdy — diýip, hyzmatkär gyz aýtdy.

Onsoň garry ruhany ýanyma geldi-de:

— Indi başlabersek bolarmy? — diýip sorady.

— Başlaberiň, başlaberiň, atam — diýip, men aljyraňňy halda aýtdym.

Gyzy galdyrdylar. Ol göräýmäge erbet däldi… Men ine, şu ýerde bagyşlap bolmajak ýeňilkellelik etdim, onuň bilen nika gyýylýan ýere bardym… Ruhany gyssanýardy; üç sany erkek adam hemem hyzmatkär gyz gelne goltgy berdi, onsoň bize nika gyýdylar-da:

— Ogşaşyň — diýdiler.

Aýalym gany gaçan ýüzüni maňa tarap öwürdi. Men ony ogşamakçy boldum welin, ol:

— Waý, bu däl! Bu däl! — diýip gygyrdy-da, özünden gitdi.

Şaýatlar maňa gorkuly göz bilen garadylar. Men yzyma öwrüldim-de, hiç hili garşylyk görmän, ybadathanadan çykdym. Soňra araba mündüm-de:

— Ugra! — diýip gygyrdym.

— Eý, Hudaý — diýip, Marýa Gawrilowna gygyrdy — siz biçäre aýalyňyzyň soňky ykbaly barada hiç zat bileňzokmy?

— Ýok — diýip, Burmin jogap berdi. — Men ol obanyň adynam, nirede nikalaşanymam bilemok; meň hatda haýsy menzilden çykanym hem ýadyma düşenok. Men şol wagt eden işime känbir ähmiýet bermändirin hemem ybadathanadan çykan badyma uklapdyryn. Men ertesi gün irden ukudan oýandym, birigün bolsa haýsydyr bir menzile baryp ýetdim. Ýanymdaky hyzmatkärim ýörişleriň birinde heläk boldy, şoň üçinem biçärejigi gaýdyp taparyn diýen umydym hem ýok. Men oň bilen rehimsiz oýun etdim, ýöne muň üçin ykbalym gaty ýowuz darady.

— Eý, Hudaý, eý, Hudaý! — diýip, Marýa Gawrilowna onuň eline ýapyşdy — diýmek, bu siz ekeniňiz-dä?! Siz meni tanamadyňyzmy?

Burminiň ýüzi agardy… soň bolsa özüni gyzyň aýak astyna oklady…

Rus dilinden terjime eden Rüstem GURBANNEPESOW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle