Surat (Hekaýa)

Surat (Hekaýa)

«Soňky jaň» dabarasyna sähel gün galanda synpdaşlary bolup düşen uçurym surat albomyny eline alan Gülnaryň şähdi açykdy. Synp ýolbaşçylary haýsydyr bir mesele bilen garaşmagy tabşyransoň, sapaklar tamamlanandan soňam synpdaş oglan-gyzlar albomy synlap, her kimiň surata düşüşine bir söz tapyp, gülşüp-degşip, esli oturdylar. Dili şerebelije gyzdan nagt jogap aljagyny bilip dursa-da, hemişe degişmegi gowy görýän Baýly Gülnara seredip ýylgyrdy:

— Gülnar, sen-ä taryp edere hetdimiz bolmaz, dokuzynjy synpda surata düşüşiňi «gaty öwenimiz» sebäplem ýaňy-ýaňy açylyşdyň. Galanja günlerimizem seniň öýkäňi ýazmaga sarp etmeli bolaýmaly birden…

Gülnaram gep alyp galmady:

— Aýdara gep tapýan dälsiň, ýogsam senmi aýap goýjak. Beýle gülesiň gelip böwregiň böküp duran bolsa, öz suratyňy synla-da oturyber. Okuwy tamamlaýançak gülmäge şo-da güýmenje bor.

Baýly diýere söz tapman, öňünde ýatan suratyna seretdi-de:

— Dogrudanam, şeýlem-aý — diýip, gülüp goýberdi. — Aý, ýok-laý, meniň gözüm bilen seretseň-ä, taryp edip aňyrsyna çykar ýaly däl şu suratlarymyň…

Onuň soňky sözleri oglan-gyzlaryň arasynda täzeden gowur döretdi.

Ýyllaryň dowamynda dogan ýaly bolup giden synpdaşlaryň ala-goh bolup oturyşy mekdep tamamlanandan soňky aýralygyň öwezini dolmak isleýäne meňzeýärdi. Olaryň arasynda Baýly ýaly «agzyna jaň dakylanlaram», tersine, Geldi ýaly köpçülige goşulybilmän ýörenlerem bardy. Sapak aýtmaly bolanda söz saýlajak bolup säginip durmasy ýokdur welin, synpdaşlar, onda-da gyzlar bilen gürleşmeli bolanda Geldi edil dili tutulana dönäýýärdi. Asyl ol şular ýaly bir sebäp bilen üýşülip, gürrüňleşip oturanlarynda-da bir bahana tapyp synpdaşlaryna goşulmazdy. Bu gezegem mugallym garaş diýensoň, alaçsyz galmaly bolupdy.

Şol wagtam synpdaşlaryň biri özboluşly oýun tapdy. Onuň «täze oýlap tapan» oýnunyň şerti şeýledi: Her kim, oturyş tertibine laýyklykda, suratdaky ýerleşiş yzygiderlilikde synpdaşlara häsiýet bermeli.

— Özem, hamana, ony suratda ilkinji gezek görýän nätanyş kişi bolup häsiýet bermeli.

Düşünişilensoň, her kim öz gezeginde surata baha berip başlady. Gezek Gülnara ýetdi. Suratdaky yzygiderlilik boýunça-da häsiýetlendirilmek nobaty Geldiniňkidi. Hemmeleriň ünsi Gülnara gönükdi. Oturanlaryň köpüsi gedemje gyz başdansowma bir zatlar aýdyp goýberer öýdýärdi. Onda-da baha berilmeli Geldi bolsa.

Synpdaşlarynyň pikiriniň tersine, Gülnar suraty synlap esli oturdy. Ol suratda özüne seredip duran synpdaşyny ilkinji gezek görýän ýalydy. Hakykatdanam, aňyrsynda umman ýaly dünýä ýatan ol gözlerdäki agraslygy, mähremligi, yssyny ol diňe şu wagt görüp galypdy. Surat bilen hakykatyň arasynda çaprazlyk bar ýaly duýgy bir ýerlerden peýda bolup, nazaryny Geldä tarap gönükdirendenem göreçler sataşdy. Şonda suratdakydanam müňlerçe esse artyk yssy, mähir gyzyň dünýäsine doldy. Şol mähir, şol yssylygam onuň bar dilewarlygyny elinden aldy. Häliden bäri töweregindäkilere gezek bermän oturan gyz pikirini beýan etmäge söz tapmady. Her niçigem bolsa, töweregine syr bildirmezlik üçin özüni ele aldy. Geldä gönüläp bakmakdan welin ejiz geldi.

— Hemişe pikirlenip ýören, agras… Ýöne ýekeçanak. Ýygralygy sebäpli ýüregindäkini daşyna çykaryp bilmän kösenýär. Ýöne ýüreginiň arassalygyny gözleri aýdyp dur…

Ol şu sözleri nädip aýdanyny bilmedi. Töweregindäkileriň ümsümligi onuň howuny basdy. Hernä gapydan mugallymyň girmegi ony halas etdi…

…Gülnar mekdep ýyllaryny hemişe şol suratly pursatdan öňki we soňky döwre bölüp ýatlaýar. Sebäbi şojagaz pursat onuň dünýäsini özgerdipdi. Şol pursatdan soň onuň dünýäsinde Geldi atly sada, agras… garaz, özünde iň gowy häsiýetleri jemleýän ýigit peýda bolupdy. Ýöne… Gyz haýasy sebäpli ol duýgular gursakda sedasyz galypdy.

Dilleşişleri ýaly synpdaşlar okuwy tamamlanlaryndan soň, her bäş ýyldan, 25-nji maý güni duşuşýardylar. Ilki okuw, soň iş sebäpli Gülnar şol duşuşyklara baryp bilmändi. Bu günem ol mekdeplerine, on bäş ýyllyk dabara gelipdi.

Dabara ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Ýöne Gülnar üçin iň täsirli pursat Geldi bilen eden gysgajyk gürrüňi boldy.

— Men şuny öňräk aýtmalydym. — Geldi yzly-yzyna ýuwdundy. — Jaň edäýjegem boldum-da, görşemizde aýtsam gowy bor diýdim… Men saňa sagbolsun aýtjakdym… Şol gezekki sözleriň üçin…

Gülnar düşnüksiz ýagdaýda galdy.

— O nämäň sagbolsuny? Men näme edipdirin?

— Şol gezek… Suratly oýun oýnamyzda… Şol sözleri meniň göwnümi götermek üçin aýdanyňy hemme-de bilýä. Ýöne ynanaý, şonda-da ol sözler maňa şeýle uly täsir etdi. Şondan soň şol sanap çykan häsiýetleriň mende ýogam bolsa, seniň aýdyşyň ýaly bolmaga çalyşdym…

Sedasyz galan duýgusy ýaly, şol gezekki aýdanlaryna-da düşünilmändigine geň galmakdan ýaňa doňňaradaşa dönüp duran Gülnar üçin oglanyň sözleri indi bimany owaza öwrülipdi…

Altyn MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle