| | |

Söýgi ody / hekaýa

Söýgi ody / hekaýa SÖÝGI ODY

Söýgi ody / hekaýa

Heniz çagalygyň dünýäsinden saplanmankam, kakam etrap merkezindäki mekdebe müdir  bellendi. Men kakamyň täze ýerde işlejegine begensemem, obamyzdan göçmeli boljakdygymyza gyýyldym. Onuň sebäbini  şol mahal gaty bir aňşyrmasamam, içimde bir ýerlerde nähilidir bir ünjiniň bardygyny syzýardym. Onuň nämedigine düşünjek bolup,  beýnime agram salýardym. Meniň gijelerine rahat ýatyp bilmeýändigimi ejem badabat duýdy:
— Sen nämäni alada edýäň, gyzym. Baran ýerimizde derrew jora tapynarsyň. Onsoňam ýurt aşyp gidemzok ahyry.  Taýak ýetim ýer,  geler-gider durarys. Dynç alyş günleri eneň ýanyna gelersiň.  Mal-garasyna seredişersiň.  Joralaň bilenem  oýnarsyň.
— Eje, men göçýänimize gynanamok. Ýöne içimde bir zat bar-da. 
-Balam, ana, şol seň gynanjyň-da. Wah, çaga başyňa döneýin, o zatlary alada etmek saňa galypmy? Öz dünýäň, öz garaýşyň bilen ýaşa, balam. O zatlary kakaň bilen ejeň çözer.
  Şondan soň birneme ynjalan ýaly bolsamam,   ünjim azalyberenokdy. Sähetli gün  biz obadan göçüp gaýtdyk.  Etrap merkezi gaty bir uly bolmasa-da uly şäherlerden birjik-de tapawudy ýokdy. Owadandy, durşuna  güllerere bürenip otyrdy. Bu gözellige tiz öwrenişdim.  Goňşy gyzlar bilenem derrew  jora boldum. Ylaýtada maňa  duldegşir goňşymyzyň gyzy  Eneş ýaraýardy. Men mekdebe-de onuň bilen bileje gidip gelýärdim. Howluda oýnanymyzda-da hemişe bilejedik.  Eneş her gün okuwdan soň, töweregiň çagalaryny üýşürip, olara  erteki aýdyp berýärdi. Onuň aýdýan ertekileri juda gyzyklydy. Özem her gün täze erteki aýdýardy.  Bir gezek men ondan şunça köp ertekini  nädip ýatda saklap bilýändigini soradym. Ol :
      -Men bularyň birinem ýat tutamok. Ýöne erteki aýdyp başladygym ol öz-özünden aýdylyp gidip otyr- diýdi.                                                    
Eneş meň geň galandygymy duýdy:
 -Bilýäňmi näme, Sünbül, gel,  ikimiz her gün agşam çagalara  aýdym aýdyp bereli.
-Men aýdym bilemo-ga.
— Menem bilemok-da.
— Onda nädip aýtjak?
Ol  pessaýja ses bilen bir zatlar diýdi-de, sözleri şeýle bir owazlandyryp goýberdi weli, men-ä dogrusy, bu şirin aýdym golaýdaky radio nokatdan eşidilýändir öýtdüm. Onuň  aýdymlarynyň sözleri düşnüksizdi. Oňa derek  nähilidir bir şirinlik kalbyňa aralaşyp, tutuş süňňüňi ezizleýärdi.
 Men ilki-ilkiler muňa üns bermesemem, soňabaka Eneşiň aýdymlaryna halys öwrenişdim.Eneşiň aýdymlaryny her gün diňlemesem, bir zadym ýetmeýän ýaly bolar durardy. Çünki Eneşiň aýdymlary meni arzuwly ummana äkidýärdi, onuň gözelliginden gandyrýardy. Şol ajaýyp dünýäde ýaýnamak hezillikdi.   Bu duýgy eýýäm biziň  çagalykdan saýlanandygymyzyň alamatydy. Onsoňam Eneş aýdyma başladygy göwnüm hol, alysdan görünýän   daglaryň depesindäki arça tokaýlygynda gezim edýärdi.  Ýene-de bir zat- Eneş aýdym aýdanda hyýalymda  mähriban obamyza dolanýardym. Onuň gumak köçeleri, kölegesinde gün görünmeýän çar baglar, dag tarapdan  inýän ene ýap göz öňümde janlanýar-da, obamyzyň ilerisini tutup ýatan ak baýyrlaryň bahardaky keşbi kalbymy heýjana salýar. Şonda men Eneşiň bokurdakdan gaýnap çykýan  jadylaýjy owazynyň diňe bir özümi däl, tutuş dünýäni bendi edip bilýandigine çynym bilen uýýardym. 
     Aýdym-saz gurnagymyzyzyň ýolbaşçysy Eneşiň owazyny  eşidenden ony sypdyrmady. Her gezek aýdyma taýýarlanýarka, men Eneşiň ýanyndan aýrylmazdym. Her gezegem Eneş  sahna çykanda Hanjar ikimiz oňa bir gujak  çemen sowgat bererdik. Hanjaryň özi ýaly oglanlar bilen işi ýokdy. Gaýta biz nirä gitsek, olam bizden galmazdy. Biz mydama üç bolup tirkeşip ýörenimizi garagol oglanlar başga ýana çekerdiler. “Haýsam bilsa, biriňiz aýrylyň, Hanjaryň ýanyndan” diýerdiler. Biziň weli azarymyza-da däldi. Sebäbi biz Hanjara şeýle bir öwrenişipdik weli, ony özümizden aýra saýmazdyk. Hatda oňa syrymyzy aýdanymyzy hem duýman galardyk.
    Eneşiň özüniň-de, onuň aýdymlarynyň-da maňa eçilýän ýakymly duýgulary  hiç zat bilen ölçär ýaly däldi. Ol sahnadan düşdügi gujagyny dolduryp duran çemenleri  iň körpeje tomaşaçylara paýlardy. Men  bir öýüň ýekeje lälijek gyzynyň çagalary şeýle gowy görüşine haýran galýardym.  Men  muny Eneşiň özünden kiçi jigisiniň ýoklugyndan görýärdim. Ol mydama ýekesireýändigini  aýdyp, bize geldigi jigilerimi bagryna basýardy. Özem hiç mahal hiç kime gatyrganmazdy. Onuň özüni edil uly adamlar ýaly alyp baryşyna höwes edip, öýkünjek bolardym weli, meňki paşmazdy. Birden jigilerime gygyranymy duýman galardym.
   Orta mekdebi tamamlanymyzdan soň, Eneş Aşgabada okuwa, Hanjar bolsa Watan öňündäki borjuny berjaý etmäge gitdi. Ýokary okuwa her näçe höwes etsemem, meňki bolmady. Ilkinji synagdan geçip bilmän, obamyza dolandym. Ine, şol birmahalky göçüp giden obamyz.  Indi onuň giň köçeleri öňki ýaly gumaksyrap ýatanokdy. Özgeren obamyz meni  mähir bilen garşylady. Enemiň  weli begenjiniň çägi bolmady.
   Men  çagalar bagynda terbiýeçi bolup işe başladym. Bagyň şarňyldap duran täze binasynda körpeler bilen işlemek, olara erteki okap bermek, çaga dünýäsine dolanmak meniň üçin juda gyzyklydy. Men her gezek erteki okamaga başlanymda Eneşi göz öňüne getirýärdim. Onuň  gözjagazlaryny bilesigelijilik bilen özüne dikip oturan körpejelere söýgüsini ýatlaýardym-da, oňa meňzemäge çalyşýardym.  Sebäbi körpejelere erteki okap berende ol durşy bilen mähre öwrülýärdi. Men dura-bara çagalara şeýle bir öwrenişdim weli,  olardan aýrylyp, ýokary okuwa gidesim gelmedi.  Enemem meniň öz ýanynda bolanymy kem görmedi.
     Eneş bilen häli-şindi habarlaşyp durýardyk. Onuň sungat ýolundaky üstünliklerine ýüregim bilen begenýärdim. Onuň aýdymlarynyň köpüsini ýatdan bilýärdim. Eneşi küýsän çagym çalajadan hiňlenip, onuň aýdymlaryny gaýtalaýardym. Her gezek radiodan Eneşiň sesini eşidenimde çagalyk dünýämize dolanýaryn. Hyýalymda onuň bilen söhbetdeş bolýaryn. Şonda men oňa  özümi  ünjä goýýan soragy- çagalary näme üçin beýle gowy görýändigini soraýaryn. Eneş weli,  her gezek gürrüňi başga ýana sowýar. Şeýdibem men özümi ynjalykdan gaçyrýan soraga jogap tapyp bilemok.
   Şol gün men Eneş hakda kän pikir etdim öýdýän, düýşüme giripdir.  Ol toý lybasyndamyka diýýän. Özem şeýle bir owadan weli, edil peri ýaly. Men Eneşiň   Hanjary halaýandygyny bilýärdim. Ol muny menden gizlemezdi. Gaýta ol her gün Hanjaryň özüne üns bermeýändigini aýdyp, ýanyp-bişerdi. Ýöne “Bermezek Taňrydan, irmezek awçy alar” diýlişi ýaly, Eneş Hanjaryň ahyry özüne ýyly söz berjekdigine yanaýardy. Biz her gün mekdepden  üç bolup gaýdardyk. Şonda  men olara päsgel bermezlik üçin bir bahana bilen yza galardym  weli, Hanjar: 
  — Syýa saçly Sünbül, ýet yzymyzdan- diýip, gygyrardy. Olara deňleşenimden ol ur-tut Eneş ikimiziň aramyza düşerdi. Ynha, indem düýşümde  Eneş Hanjara durmuşa çykýamyş. Hanjaryň weli, ylla Eneş bilen toý tutýanyna begenmeýän ýaly ýüzi salyk. Men Hanjar elimden gidip barýan ýaly hopugyp oýandym.  Onuň düýşümdigine şükür etdim. Sebäp men  ese-boýa galanym bäri Hanjaryň  balkyldap duran gözleriniň, syrly-syrly bakyşynyň ölemen aşygydym. Ol  “Syýa saçly Sünbül” diýende, maňa  “Sünbülim” diýýän ýaly eşidilýärdi. Şol pursat özümi dünýädäki iň bagtly gyz diýip hasaplaýardym. Ýöne jan ýaly joram Eneşiň söýgüsine päsgel bermejek bolup, duýgymy gizlemäge çalyşýardym. Çünki Eneşi diňe bir jora hökmünde däl-de, hut uýam ýaly mähribanlygy üçin,  onuň inçe umydyny üzüp biljek däldim. Ýüregimiň gizlin ýerinde dörän duýgyny Eneş üçin şol ýerde ömürlik galdyrmaga razydym. Ýöne ýakymly hem iň eziz duýgyňdan umudyňy üzmegiň juda agyrdygyna, Hanjary henizem  söýýändigime, onsuz ýaşamagyň  kyndygyna hut şu pille düşündim…  
    Oglanlaryň arasynda Gara Hanjar adyny alan bu ýigit söýmezçe däldi. Onuň sypaýylygy, syrdamdan uzyn syraty, mydama gülüp duran nazary gyzlary biparh goýmaýardy. Oglanlar oňa “Gara Hanjar” diýip ýüzlenenlerinde  mongol basybalyjylaryna garşy mertlik bilen söweşip, türkmeniň merdanalygyny äleme dolduran Jelaletdin Meňburunyň  algyr bürgüt  kimin söweşijisi  Gara Hanjaryň keşbi göz öňüme gelýärdi. Onsoň  taryhyň özüm üçin gyzykly sahypalaryny gaýtalap-gaýtalap okaýardym. Gara Hanjara guwanýardym. Ondan bäri geçen döwrüň içinde intizar gözlerim Hanjaryň nazary bilen sataşmasa-da, ýüregim onuň yzyndan galman eken.  
   Belki, çagalar bilen sapak geçip ýörkämäm, düýşümiň  maňa ynjalyk bermedigi şonuň üçindir. Uzakly gün hemme zat oýalykda ýaly boldy durdy. Günortan çagalar ýatandan soň, radionyň burmasyny çalaja towladym. Her gün diňleýjileriň isleglerine görä berilýän aýdymlary halaýardym.  Diktoryň: “Hormatly diňleýjiler, siziň islegleriňiz boýunça konserte başlaýarys.Bu konsertimiz ýaş ýigitleriň islegi esasynda düzüldi. Ilkinji aýdym Hanjar  Garaýewiň haýyşy boýunça ýaňlanar. Watan gullugyny abraý bilen berjaý edip gelen ýigit  Magtymguly Pyragynyň  sözlerine “Aýryldym” diýen aýdymy eşitdirmegimizi sorapdyr. Diňläň, dynç alyň, bu aýdymy ýaş aýdymçy Eneş  Hallyýewa ýerine ýetirýär” diýen sözlerine haýran galdym. Şol dem öten agşamky düýşüm ýadyma düşdi.  Eneşiň ýakymly owazy, Hanjaryň  bu aýdymy eşitdirmegi haýyşy meniň oýlarymy alyslara alyp gitdi.
          Bilbilem ahy-zar çekip,
          Täze gülzardan aýryldym,
          Gözden ganly ýaşym döküp, 
          Ol söwer ýardan aýryldym…

          Aýryldym gunça-gülümden,
          Syýa saçly sünbülimden,
          Hoş owazly bilbilimden—
          Şirin güftardan aýryldym…
    Neniň beýnimde  Eneşiň şirin owazyna derek diňe  “Aýryldym gunça-gülümden, syýa saçly sünbülimden” diýen setirler  at çapyp başlady. Hanjaryň syrly bakyşlary badabat göz öňüme geldi. Onuň otlukly nazarynyň öňünde pagyş-para eräp barşym ýadyma düşdi. Şol bakyşy, şol nazary küýsedim. Arman, Hanjar şonda meniň söýgimi duýmady, ýüregimiň gürsüldisini  eşitmedi öýdýän. Sebäp  gözlerimde uçganaklaýan şöhleleri ol  saýgarmak islemedi. Belki, ol Eneşi ynjytmajak bolandyr. Şonda-da ol  Eneşiň söýgüsini hem jogapsyz galdyrdy.  Hanjaryň arasyndan gyl geçmeýän joralaryň haýsy birini saýlajagyny bilmedik bolmagy hem ahmal. Garaz, onýyllylygy tamamlanymyzdan soň, her kim bir ýerden çykdy. Şeýdibem ýollar  aýra düşdi. “Ine-de saňa gerek bolsa. Ol Eneşiň dili bilen syýa saçly Sünbülinden aýrylandygyny tekrarlaýar.Onuň Sünbüli kimkä? Ýa-da göwün beren gyzynyň meňki ýaly tolkunyp, inçe biline ýetip durdn gap-gara saçy barmyka? Ýa-da ol menmikäm? 
   Meniň arzuw edýän zadymy diýsene!  Belki-de, Hanjaryň Eneşiň sesini eşidesi gelendir. Şeýdip ol jogapsyz galdyran söýgüsine ýetmek isleýändir”. Men dürli oýlara özümi aldyryp, kän oturdym. Oýlar biri-birine çapraz gelýärdi.  Biri “Hanjar şeýdip, seni gözleýändir. Derrew oňa hat ýaz” diýse, başga bir pikir ony düýpgöter ret etmegi ündeýärdi. “Onuň sende azda-kände göwni bar bolsa,  şol mahal duýdurardy.  Salgyma kowalaşma” diýýärdi. Şol aralykda “ Söýgiň üçin göreşmeli, ony goramaly” diýen pikir  bir ýerlerden peýda boldy.  Yz ýanyndanam “bü söýgimikä, söýmedige süýkenmedikden gowusy ýokdur” diýen sözler beýnimiň bir ýerlerini ýarara getirdi.
   Çagajyklaryň ýeke-ýekeden ukudan oýanyp başlamagy meni pikir ummanyndan alyp çykdy. Olar geýinensoň,  bagyň töründäki eýwana  bardyk. Biz şol ýerde körpeler bilen her hili oýun oýnaýardyk, sapak geçýärdik.  Meniň terbiýe berýän körpelerim şu ýyl mekdebe gitmeli bolansoňlar, olar bilen ertekileriň gahrymanlaryny janlandyrýardyk. Çagalaryň biri  tilkijik bolsa, başga biri towşanjyk bolýardy. Olaryň görkezýän sahnajyklary juda gyzyklydy. Olar bilen oýnap ýörşüme Hanjaryň ýanymyza geleninem duýmandyryn.
   -Syýa saçly Sünbül, armaweri.
  Duýdansyz çykan sese ziňkildäp gitdim.
—    Gorkuzaýdym öýdýän, bagyşlaweri.
Garşymda ýylgyryp duran Hanjara gözüm düşenden, esli mahallap özümi dürsäp bilmedim.  Ol öňki Hanjar däldi. Oňa derek  has berdaşly, merdemsi ýigit ýylgyryp durdy. Beýdip aňalyp durman, ahyry bir zat diýmelidigime düşündim:
—    Sen nire, bu ýerleri nire, azaşyp düşdüňmi?
—    Ýok,   toýa aýtmaga geldim.
  Aýagymyň aşagyndaky ýer goduklandyr öýtüm. Beýnime dolan pikirler meni hasam aljyratdy.  “Hanjaryň bu näme etdigi bolýarka?  Ýaňy ýüzi kesmekläp barýan ýarama duz sepmesi nämeka? Ýa-da ol henizem meniň özüni halandygymy bilmeýärmikä?” Her näme-de bolsa, bulam-bujar pikirleri, ýüregimi paralap barýan agyr yzany bir ýana syryp,  giňlige saldym.
 -Oň bolsun, sähediňiz haçan?
       Ol meniň sandyrap çykan sesime üns berjegem bolmady. Gaýta  şol birmahalkysy  mähirli bakyşy bilen  köp manyly gürledi. 
—    Eneş sen barmasaň,  toý tutjak däl diýýä. Özem ol toýunda iň ýakyn dostlarynyň ýagny biziň  herimiziň bir gapdalynda oturmagymyzy isleýä. Biz üç dost ahyry. Şonuň üçin Eneş  meni ýörite seň razylygyňy almaga iberdi. 
  Meň indi dik durmaga-da rowgatym galmady. Ýykylman zordan saklanyp, kiçijik oturgyja özümi goýberdim. “Beýle-de bir oraşanlyk bolar eken-ow. Edil öten agşamky düýş bu gün çyn bolaýdy”. Duýgularyň meni aljyradýanyny  Hanjar ahyry  aňdymy nämemi,  howsalaly gürledi:
—    Sünbül, syýa saçly  Sünbülim, özüňi dürsesene. Eneş  öz halaşýan ýigidine durmuşa çykýa.  Toýlaryny hem güýzde tutýalar. Eneş meni seň ýanyňa ikimizi tapyşdyrmak üçin iberdi. Ol mähriban dostlarynyň bagtly bolmagyny isleýä. Menem dogrusy, şu çaka çenli öz ýüregimi diňlemedigime ökünip, aňyrsyna çykyp bilemok. Ynha indi ahyry ýüregimi bire baglap, gaýratymyň baryny çugdamlap, derdimi egismäge huzyryňa geldim. Şeýdip üç bolup tirkeşip ýören mahalymyz siziň hiçiňiziň göwnüňize degesim gelmedi. Dogrusy, Eneşiň özümde göwni bardygynam, seniň gara gözleriňdäki  mährem duýýardym. Ýöne Eneşiň ýüreginde tutaşan söýgi uçguny maňa ýeterlik däldi. Men seniň gözleriňdäki şol mähir ummanyna çümüp gitmäge, kalbymy yşk ataşynyň çawyna çawlamaga razydym. Onsoňam   saňa ýüregimi açaýsam, Eneşiň hatyrasy, bagty üçin öz duýgyňy jylawlajagyňy bilip duramsoň, menem  ýüregime  teselli berip, ol öz halaýan ýigidine gowuşýança saňa syrymy açmazlygy  özüme söz berdim. Şirin duýgulary bagyş edýän söýgi odunyň çawyna döz gelmek her näçe kynam bolsa, ýüregim ýarylara gelse-de çekdim, çydadym. Sebäbi meniň siziň hiçiňizi ynjydasym  gelenokdy.  Sizden daşlaşdygym, dünýä başyma ýykylaýjak ýalydy. Oglanlar bolsa bizi ýaňsylap, üçler diýerdiler. Özüň bilýäň, biz ony gaty görmezdik.  Sebäbi dostlugymyz ýürekdendi. Onsoňam elbet, agzysarylyk, gowşaklyk edendirin-dä, ýogsam senem kösemezdim, göýginiň soňsuz oduna ýanyp, beýdip ahmyr çekip ýörmeli bolmazdym. Eneşem ahyry ylalaşardy. Seni durkum-dünýäm bilen halaýandygym, ýüregimiň, bagrymyň seň bilen badaşandygy, seniňem şol duýgy bilen ýaşaýandygyň maňa  geçen ýyllap medet berdi. Eneşiň durmuşa çykýandygyny eşidýänçäm, saňa hat ýazmaga-da, ýüregimi açmaga-da çekindim. Meni gadyr bilmezlikde aýyplarmykaň öýtdüm. 
      Ýogsa-da sen şu gün radio diňlediňmi?   Şeýdip senden ötünç soramak Eneşiň tapan çykalgasy boldy. Ol meniň ýagdaýyma düşüdi.  Çyny bilen bize ak bagt arzuwlady. Seň juda ýürekdeş ynsandygyňa ol uly sarpa goýýar.  Dogrudanam siz ýaly ýürekdeşler az-azmyka diýýän.Menem  günämi şeýdip ýuwaýmasam,   ýazykly seň öňüňde, Sünbülüm.   Şu iki ýylyň içinde  syýa saçly Sünbülim, seniň mähirli bakyşyň, tolkunyp ýatan gara saçyň bir dem salym hem gözümden gitmedi. Indi biz söýginiň gujagynda özümizi täzeden tapmaly.  Biziň kaplarymyzyň birleşmegine hiç bir zat päsgel bermeli däl, Sünbülim! Çünki ykbal bizi söýginiň gujagyna salmak üçin tapyşdyrandyr.  
   Dem salymyň içinde bolup geçen zatlary beýnimde aýladym. Şol birwatky ajaýyp pursatlar  göz öňümden  geçdi.  Dogrusy, şonda  Hanjaryň  azda-kände mende göwnüniň bardygyny duýýanlygym üçin bagtlydym. Men  ondan köp zat islämokdym. Diňe onuň Eneş ikimiziň ýanymyzda bolmagyny küýseýärdim. Şolam meniň üçin ýeterlikdi. Özem Hanjar bilen baglanyşykly ähli umydymyň şol bir inçe duýga daňylandygyny bilýärdim.  Şonuň üçinem ahyry bir wagt on sekiz ýaşda dörän inçejik duýgy söýgimize sapak bolar diýip, umyt edýärdim. Şol bir wagtyň özünde-de Eneşiň Hanjary menden ikesse güýçli söýýändigini bilemsoň, oňa päsgel beresim gelenokdy. Ynha, indi hut şu pursat söýginiň birek-birege berýän bagtynyň nä derejede  mukaddesligine göz ýetirdim.  Çünki söýgiden püre-pür bolan ýüregim  Hanjaryň ady bilen urup başlady…
 Oýunlaryny bes edip, bizi synlap duran körpelere gözüm düşenden utanjymdan ýňa tas ýere giripdim. Boz-ýaz bolup durşuma Hanjaryň göhi geldi:
—    Sünbül,  şu pursat sen şeýle bir owadan weli, tarypyňy aýtmaga söz tamamok. 
Kasymjygyň teklibi ikimiziň aramyzdaky boşlugy bir demde ýok etdi.
—    Onda  Sünbüli hiç ýere  goýbermed-dä.
Hanjar hezil edip güldi.
 –Körpeje dostum, indi men hökman şeýderin. Sen ondan ýaňa  arkaýyn  bolaý…  
 
Ogulgerek Ussaýewa.  Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle