Söýer ýaly
Söýer ýaly

Näme günä, ýazgym bar?!
Ýalňyzlykda goýar ýaly.
Az pursatlyk tazygan ýar,
Özge güli söýer ýaly.
Arzuwymda diňe özüň,
Çeşme boldy gara gözüm.
Ýüregimde gamgyn sazym,
Monjuk deýin düzer ýaly.
Sensiz boşap galdy kalbym,
Gama batdy sagy-solum,
Duşman gözler aldy aryn,
Ömürbaky köýer ýaly.
Her pursatda ymtylanym,
Ömür, örküm gatylanym,
Jebir çekip çytylanym,
Ojar bolup köýer ýaly.
Mähriň bilen gurşap al sen,
Ganatym bol, göge galsam.
On sekizi ýada sal sen,
Ömür meni söýer ýaly.
Oguljennet NAZAROWA. Goşgular