Ýagşy niýetler
Ýagşy niýetler

Watan hakda ýazan ýekeje goşgym,
Özge ülkelerde ýyladyp bilse,
Il ezizligini gursaga guýup,
Uçgun bolup kalbyňyzdan jaý alsa.
Çeşme hakda ýazan ýekeje goşgym,
Sähralara, giň çöllere çykanda,
Teşne lebleriňe damja deý damyp,
Kuwwat bolsa pellere çil çekende.
Dostluk hakda ýazan ýekeje goşgym,
Ýalňyz ýüregiňe teselli bolsa,
Agyr günler goltugyňdan göterip,
Ganat bolup çöken göwnüň awlasa.
Söýgi hakda ýazan ýekeje goşgym,
Öwretse bu dünýä gülüp bakmagy,
Mähir bilen gaýnaýanny durmuşyň,
Diňe söýgi bolup gelip gitmegi.
Oguljennet NAZAROWA. Goşgular
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.