Sen gelmeseñ…
Sen gelmeseñ…

Sen bolmasañ…
Gursagyma gam geler.
Sen gelmeseñ
Bir zadym-a kem bolar.
Ýoklugyñda
Ýol ýitiren ýaly men.
Gözüm ýaşly, dil-agyzsyz däli men.
Sen bolmasañ
Güljek maña çem gelen.
A men, a men gülüşeýin kim bilen ?!
Gijeler bakamda garañky tüme,
Dertler sessiz-üýnsuz gelýär üstüme.
Hiç dostuma ýaramaýar bu bolşum,
Sensizlikde ynha bar bolup bilşim.
Geläýsene diýýän,
Geleñok ýöne,
Men munda bir sañsar,
Heýkele dönen.
Halymam galmady aytmaga derdim,
Belki heýkelimi görüp gidersiñ?!
Sylapberdi MUHAMOW. Goşgular