|

Şemally gün

Şemally gün ŞEMALLY GÜN

Şemally gün

Göz açar ýaly däl, bulaşyk howa,
Gökde bulutlaryň göçgün parady.
Güneýden güzaýa bolýarlar rowan,
Bulutlar bir ýerde tapman karary.
Çaň basan, gum basan ýadaw ýüzümi,
Ýalap geçýär oktýabryň hazany.
Agyr zähmet bilen geçdi bu günem,
Bilmesem-de oňly bir zat gazanyp.
Her günde on sagat, a käte onki,
Jokrama yssyda guýýan kerpiji.
Ýadawkam synlaýan asmanyň reňkin,
Meni synlap rahatlanýar her kişi.
El-aýak laý, ýüz-gözümem çaň tozan,
Aýby ýok, asyl meň aslym toýundan.
Ýöne adam bolmak üçin men ozal,
Bir topar borç-bergi asdym boýnumdan.
Näbelli nokada nazarym baglap,
Galybym gujaklap otyrýan lal-jim.
Belki bir wagt boş, manysyz, bimatlap,
Biweç geçen günleň berýärin pajyn.
Asmana seretsem açylýar göwnüm,
Ýene-de turýaryn egnimi silkip,
Gözlerimde gögüň keşbini görüp,
Adamlaram aram taparlar belki.

2020 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle