| |

Saña žentlmen diýýärler / köne degişme esasynda

Saña žentlmen diýýärler / köne degişme esasynda SAÑA ŽENTLMEN DIÝÝÄRLER

Saña žentlmen diýýärler / köne degişme esasynda

Aýaly bilen ýolda. Dymyşlyk. Aýaly bir zat diýmäge çekinip barýar. Maşyn sürüp barýan äri hyrsyz. Aýaly çalarak müýnli:
— Bolýa-la, şeýdip oturmasana, ezizim!
— Maña derek sen ýyljyraklap otyrsyña, daş mamañlara barýan ýaly. (hüñürdeýär) baran ýeriñ gap-çanak. Aýtdym şu maşynyñ şaýlary gymmatdan beter tapylmaýa diýip. Seresabyrak bolaý diýip.
— Ezizim, adamlaryñ näme diýýänini bilýäñmi?
— Näme diýseler şony diýsinler.
— Ezizim, adamlar Myrat nähili jentlmen diýýäler.
Myrat ýüzüni kürşertdi:
— Näme-e?..
— Aýalyndan öñurti maşyndan düşüp, gapysyny açyp berýär. Myrat hakyky jentlmen diýýäler.
Myrat aýalyna seretmän:
— Adamlar näbilsin maşynyñ gapysyny içinden açylmaz ýaly edeniñi.

Sylapberdi MUHAMOW.

Surat: vektor images.com saytyndan alyndy Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle